2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Portugaliýanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Arlington şäherinde geçirildi.
Ispaniýa ýeňşi oýnuň ikinji ýarymyna goşulan ilkinji minutda tapawutlanan Mikel Merinonyň goly bilen gazandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy çärýek finalda Belgiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 7-nji iýula geçilýän gije geçiriler.
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Unai Simonyň dünýä çempionatlaryndaky rekord derejedäki gol goýbermedik tapgyry 609 minuta ýetdi. Bu tapgyr 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky oýnundan bäri dowam edýär. Şeýle hem Ispaniýanyň milli ýygyndysy häzirki çempionatda henize çenli bir hem gol goýbermedik ýeke-täk topar bolup galýar.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy esasy wagtda yzly-yzyna 36 duşuşyk bäri ýeňilmeýär. Ispanlar soňky gezek 90 minutyň dowamynda 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň saýlama oýunlarynda Şotlandiýanyň ýygyndysyndan utuldylar. Şol duşuşyk 2023-nji ýylyň 28-nji martynda geçirilip, şotlandlaryň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şondan soň ispanlar 2025-nji ýylyň iýun aýynda Milletler ligasynyň finalynda portugallardan utuldylar, emma ýeňiji penaltiler tapgyrynda kesgitlenildi (5:3, esasy wagt — 2:2).
Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Hut şol ýylda olar dünýä çempiony bolupdy.
