SPORT

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

“Nýu-Ýork Niks” toparynyň basketbolçylary 2025/26-njy möwsüminde NBA-nyň çempiony bolmagy başardylar.

Final tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda olar “San-Antonio” toparyny 94:90 (13:23, 24:19, 28:30, 29:18) hasabynda utdular. Oýun San-Antonio şäherinde geçirildi.

Dört ýeňşe çenli dowam edýän tapgyrdaky hasap Nýu-Ýorkuň toparynyň peýdasyna 4-1 boldy.

Indi “Nýu-Ýork” NBA-nyň üç gezekki çempionydyr, mundan ozal olar 1970-nji we 1973-nji ýyllarda çempionlyk derejesini gazanypdylar.

NBA-nyň çempionatynda iň köp ýeňiş gazanan topar bolsa “Boston Seltiks” bolup, olar bu derejä 18 gezek mynasyp boldular.

Related posts

“Barselonany” Romanýoli gyzyklandyrýar

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Kot-d’Iwuar – Afrikanyň çempiony