DÜNÝÄ

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Szi Şumin, Birinji Sekretary He Çziweý duz-çörek bilen garşy alyndy. Soňra myhmanlar kitaphana aýlanyp gördiler hem-de ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan sowgat berlen kitaplaryň we dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdylar.

Şeýle hem, myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen geljekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem, kitaphananyň hazynasynyň üstüni hytaý dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Szi Şumin Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna 3 dilde neşir edilen, 49 at ýazgy bilen 200 kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi.

Ýene-de okaň

“BP” kompaniýasy Azeri-Çyrag-Güneşli ýatagynda tebigy gaz önümçiligine başlady

Ata Watan Eserleri

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar