JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde  «Zenanlara maýa goýum – durnukly ösüşiň esasy: zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini berkitmek» ady bilen geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy.

Forumyň esasy maksady sebitde zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olaryň ykdysadyýetde gatnaşygyny has-da  giňeltmek boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem häzirki zaman döwlet dolandyryşynda we jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň  ornuny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, bu halkara çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna we Hökümetine, BMG-niň Ilat gaznasyna hem-de «BMG-Zenanlar» düzümine sagbolsunlaryny beýan etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we yzygiderli goldawy netijesinde bilelikde geçirilýän halkara maslahatlaryň zenanlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine, olaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyna, durmuş taýdan goraglylygynyň has-da ýokary netijelere eýe bolmagyna uly itergi berýändigini aýratyn nygtady.

Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň birine – zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge bagyşlanmagynyň örän ähmiýetlidigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dünýä ähmiýetli wajyp meseleler boýunça onlarça kararnamany kabul edendigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada başlangyjy öňe sürýändigini mälim edendigine üns çekildi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmaga, şol sanda gender deňliginiň üpjün edilmeginde halkara hukuk kadalarynyň we ýörelgeleriniň ornunyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Şeýle hem milli Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen Halkara zenanlar dialogyny, demografiýa bilen baglanyşykly halkara maslahaty, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtap, Foruma gatnaşyjylary bu halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystana 2 jübüt alabaý ibermek kararyna geldi

22-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri