JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Gadamly” gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz täze gurlan gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş etdi. Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli ösdürip, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 6 sany Kararnama kabul edildi, diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisiniň gury ýükleri daşamaga niýetlenendigini, onuň ýük göterijiliginiň 6 müň 100 tonnadygyny, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydygyny belledi.

Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar. Koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer, diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Şanazarow hormatly Prezidentimize “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe doly taýýardygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, gury ýük gämisiniň gurluş aýratynlyklary we onda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Ýene-de okaň

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy