BIZNES

Türkmenistan-Gruziýa: sergileri we işewürlik forumlaryny guramak maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň we Gruziýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Georgiý Pertaýa hem-de Biznes we sebit ösüş departamentiniň direktory Georgiý Wekuanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Taraplar sergileri we işewürlik forumlaryny guramak boýunça gyzyklanma bildirip, bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem dokma senagatynda we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder