DÜNÝÄ

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi ýokary derejede öz işine başlady. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag haty okalyp, çärä aýratyn many-mazmun çaýdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, söwda-ykdysady gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Forum iki dostlukly döwletiň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, netijeli gepleşikler we kompaniýalaryň tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Sergide türkmen we hytaý kompaniýalarynyň häzirki zaman önümleri, innowasion tehnologiýalary hem-de eksport mümkinçilikleri görkezilýär.

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi 30-njy aprele çenli dowam edip, onuň netijeleri iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary