Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün seniň üçin güýçli energiýa bilen başlar. Irden özüňi ruhubelent duýarsyňyz. Täze meýilnamalar hakda oýlanarsyňyz we  işe höwes bilen başlarsyňyz. Käbir garaşylmadyk habar gelip biler. Bu habar sizi  geň galdyrar. Emma çalt özüňi ele alarsyňyz. Işde ýolbaşçylaryň ünsüni çekersiňiz. Şeýle hem kärdeşleriňiz bilen hyzmatdaşlyk gowy bolar. Günortadan soň birneme ýadawlyk duýulyp bilersiňiz. Şonda dynç almak peýdaly bolar.  Ýakyn adamlaryňyzdan  goldaw alarsyňyz. Söýgi gatnaşyklarynda ýylylyk artar. Agşam özüň üçin wagt taparsyň. Köne pikirleriňizi tertibe salarsyňyz. Ertire täze maksatlar goýarsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün siz asuda ýagdaýda oýanarsyňyz. Içki rahatlyk sizi gurşap alar. Işleriňizi  tertip bilen ýerine ýetirersiňiz. Maliýe meselelerinde oýlanyşykly hereket edersiňiz. Şeýle hem bir mümkinçilik peýda bolup biler. Ony sypdyrmazlyk üçin ünsli bolyň. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek aňsat bolar. Günortadan soň biraz howlukmaçlyk bolup biler. Emma siz  ýagdaýy  dogry dolandyrarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda maşgalaňyz  bilen geçirilen wagt sizi güýçlendirer. Ýakynlaryňyz bilen açyk gürrüň edersiňiz. Bu siziň  ýüregiňizi ýeňleder.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Irden birnäçe pikirler  kelläňize  geler. Täze başlangyçlara höwes edersiň. Işde çalt çözgüt taparsyňyz  we dostlaryňyzdan gyzykly habarlary alarsyňyz. Bu siziň keýpiňizi göterer. Kärdeşleriňiz  bilen gürrüňleriňiz  köp bolar. Käbir ownuk düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Emma siz ony ýumşaklyk bilen çözersiňiz. Günortadan soň döredijilik güýjü artar.  Maşgalaňyz  bilen aragatnaşyk güýçlener. Söýgi durmuşynda hereketlilik bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
 Irden birneme aladaly oýanarsyňyz. Käbir pikirler sizi goýbermez. Emma wagtyň geçmegi bilen ýagdaý ýeňilleşer. Işde birneme kynçylyk ýüze çykyp biler. Siz  sabyr bilen çözgüt taparsyňyz. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek möhüm bolar. Günortadan soň ýagdaý gowulaşar. Ýakynlaryňyz  biri bilen gürrüňdeş bolarsyňyz. Bu siziň  ýüregiňizi ýeňleder. Maşgalaňyz  bilen ýyly atmosfera bolar. Söýgi durmuşynda duýgular güýçlener. Agşam özüň bilen baş-başa galmak islärsiňiz. Pikirleriňi tertibe salarsyňyz. Ruhy taýdan güýçlenersiňiz. Ertire täze umyt bilen başlarsyňyz. Bu sizi hasda güýçli eder.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün  Esetler  üçin şöhle saçýan gün bolar. Irden özüňi ynamly duýarsyňyz. Adamlar siziň  ünsüňizi çeker. Işde üstünlik gazanarsyňyz. Täze mümkinçilik peýda bolar. Ondan peýdalanmak siziň eliňizde. Kärdeşleriňiz sizi uly höwes bilen  goldarlar. Günortadan soň täze habar gelip biler. Bu siziň keýpiňizi    has-da göterer. Söýgi durmuşynda romantika artar. Ýakyn adamlaryňyz  bilen gowy wagt geçirersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün tertip-düzgün ilkinji ýerde bolar. Irden ähli zady planlaşdyrarsyňyz. Işleriňizi  wagtynda ýerine ýetirersiňiz. Ownuk detallara üns berersiňiz. Bu bolsa sizi  üstünliklere ýetirer. Kärdeşleriňiz bilen gowy aragatnaşyk bolar. Günortadan soň birneme ýadawlyk duýarsyňyz. Emma  maşgalaňyz  bilen aragatnaşyk sizi  rahatlandyrar. Söýgi durmuşynda durnuklylyk artar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün deňagramlylyk siziň  üçin esasy bolar. Irden birneme ikirjiňlenip bilersiňiz. Iki saýlaw arasynda galarsyňyz. Emma wagtyň geçmegi bilen çözgüt taparsyňyz. Işde hyzmatdaşlyk möhüm bolar. Kärdeşleriňiz  bilen düşünişersiň. Günortadan soň ýagdaý ýeňilleşer. Täze pikirler ýüze çykar. Söýgi durmuşynda ýylylyk bolar. Ýakyn adamlaryňyz  bilen gowy gürrüňleri edersiňiz. Maşgalaňyz  bilen wagt geçirmek sizi  bagtly eder. Agşam dynç alarsyňyz. Özüňize  wagt bagyşlarsyňyz. Pikirleriňizi tertibe salarsyňyz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün içki güýjüňiz güýçli bolar. Irden özüňi ynamly duýarsyňyz. Adamlaryň niýetini aňsat duýarsyňyz. Bu bolsa szi  güýçlendirer. Işde möhüm kararlary  kabul edersiňiz. Kärdeşleriňiz sizi goldar. Günortadan soň birneme dartgynly ýagdaý bolup biler. Emma siz  sabyrly bolarsyňyz. Söýgi durmuşynda duýgular güýçlener. Ýakyn adamlaryňyz  bilen açyk gürrüň edersiňiz. Bu gatnaşygy güýçlendirer.
Kowus (keman 23.11 — 21.12) 
   
Bu gün erkinlik duýgusy güýçlener. Irden täze pikirler bilen oýanarsyňyz. Syýahat ýa-da täze meýilnama hakda oýlanarsyňyz. Işde döredijilikli bolarsyňyz. Kärdeşleriňiz bilen gowy aragatnaşyk bolar. Günortadan soň gyzykly habarlary  alyp bilersiňiz. Bu siziň  keýpiňizi göterer. Söýgi durmuşynda hereketlilik bolar. Ýakyn adamlaryňyz bilen gowy wagt geçirersiňiz. Maşgala bilen gatnaşyklaryňyz gowlanar. Agşam dostlaryňyz  bilen habarlaşarsyňyz

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Irden işleriňize  çynlakaý çemeleşersiňiz. Maksatlaryňyzy  anyk kesgitlersiňiz. Işde öňegidişlik gazanarsyňyz. Kärdeşleriňiz size  hormat goýarlar. Günortadan soň birneme ýadawlyk duýarsyňyz. Bu wagt  dynç almak peýdaly bolar. Maliýe meseleleriňizde  üstünlikli  bolar. Girdejiňizi dogry dolandyrarsyňyz. Söýgi durmuşynda durnuklylyk bolar. Ýakyn adamlaryňyz bilen düşünişersiňiz. Maşgala bilen gatnaşyklaryňyz güýçlener.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün döredijilikli pikirleriňiz öňe çykar. Irden täze ideýalar bilen oýanarsyňyz. Işde üýtgeşik çözgüt taparsyňyz. Kärdeşleriňiz sizi goldarlar. Täze taslamalara  başlap bilersiňiz. Günortadan soň birneme howlukmaçlyk bolup biler. Emma siz  ýagdaýy dolandyrarsyňyz. Söýgi durmuşynda oňyn ýagdaýlar bolar. Ýakyn adamlaryňyz bilen gowy gürrüňleri  edersiňiz. Maşgalaňyz bilen aragatnaşyk güýçlener. Agşam özüňe wagt bagyşlarsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün duýgurlyk ýokary bolar. Irden özüňizi  birneme pikirli duýarsyňyz. Içki sesiňize  gulak asarsyňyz. Bu sizi  dogry ýola ugrukdyrar. Işde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Emma howlukmaň. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek möhüm bolar. Günortadan soň ýagdaý ýeňilleşer. Ýakyn biri bilen gürrüň edersiňiz. Bu siziň ýüregiňizi ýeňleder. Söýgi durmuşynda duýgurlyk  güýçlener. Maşgalaňyz  bilen ýyly atmosfera bolar.