DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň täze ýolbaşçysyny saýlamak üçin ses berdi

2026-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen bu halkara guramanyň Baş sekretaryny saýlamak boýunça saýlawlara  gatnaşdy.

Ses bermäge gatnaşanlar dalaşgärleriň ukybyna we tejribesine ýokary baha berip, açyk hem-de adalatly ses berdiler. Netijede, ähli gatnaşyjylaryň ses bermäge doly we göni gatnaşandyklary tassyklanylyp, Parlamentara Bileleşigiň Baş sekretary wezipesine Rumyniýa tarapyndan hödürlenilen dalaşgär hanym Anda Krisitina Filip saýlanyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň bu saýlawlara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara derejede demokratik we kanun çykaryjylyk işlerine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Related posts

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Meclisi, 2017 devlet bütçesini onayladı

vepa