JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýollar we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynyda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki ýagdaýyna we ösüşiniň geljekki ugurlaryna garadylar.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýollar we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg 2026-njy ýylyň 14-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalara iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri