Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Köp Hamallar öň kyn ýaly görünýän işlere bu gün höwes bilen başlarlar. Hatda siz güýç we ynam duýarsyňyz. Ýakyn wagtda peýdaly boljak zatlary öwrenmek mümkinçiligini hem  elden bermäň. Has tejribeli kärdeşleriň biri size möhüm maglumatlary berip ýa-da işi netijeli ýerine ýetirmegiň ýoluny görkezmegi mümkin.Ýakynlaryňyzdan  maslahat ýa-da kömek soramaga çekinmäň  köp adam size goldaw bermäge taýýar bolarlar.Şeýle hem öýüňizi tertiplemek, ownuk abatlaýyş işleri üçin amatly gün. Göçmek barada karar alan bolsaňyz, taýýarlyk işlerine başlamak hem bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Gowy gün, ýöne   bu gün sabyrlylygy we çeýeligi talap edýär. Täze işe başlamak isleýän bolsaňyz, onuň garaşyşyňyzdan has köp wagt alyp biljekdigine taýýar boluň. Emma ol çalt netije bermez ýyldyzlar size  sabyrly bolup, ädim-ädim öňe gitmegi maslahat berýär.Käbir meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz. Täze talaplar ýüze çykyp biler ýa-da şertler üýtgäp biler. Muňa gynanmaň bu ahyrky netijäni has gowy bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Size dartgynly gün garaşýar. Umuman üstünlikli bolsa-da, aýratyn-da duýgy taýdan ýadawlyk getirip biler. Uly kynçylyk ýok, emma käte dartgynlylyk ýokary bolar.Işde ýagdaýlar erbet bolmaz, ýöne size hemme zat isleýşiňiz ýaly däl ýaly bolup biler. Ujypsyz meseleler sizi deňagramlylygyňyzdan çykaryp biler. Käbirleri esasy zatlara ünsüni jemläp bilmez.Şahsy gatnaşyklarda bolsa oňyn ýagdaýlar bar. Ýakynlaryňyz size goldaw berer. Duýgularyňyzy paýlaşmakdan çekinmäň  ýyly sözler size rahatlyk getirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Gowy gün. Irden başlap işleri tertipli alyp barsaňyz, öň goýlan meseleleri çözüp bilersiňiz. Hoş habarlar gelmegi mümkin. Maliýe meselelerini çözmek we üstünlikli satyn alyşlar üçin amatly gün.Günüň ikinji ýarymy dynç almak üçin has laýyk. Artykmaç ýükden we dartgynly ýagdaýlardan gaça duruň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Günüň başy örän üstünlikli bolar. Garaşylmadyk ýerden  gowy habarlar bolup biler. Çylşyrymly meseleleri çözüp bilersiňiz. Garaşylmadyk syýahatlar hem bolup biler.Emma günüň ikinji ýarymynda kynçylyklar ýüze çykyp biler. Şeýle hem käbir işler wagtynda tamamlanmaz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň başynda seresap boluň  ýalňyşlyklar mümkin. Emma soň ýagdaý gowulaşar, keýpiňiz hem ýokarlanar. Täze pikirler peýda bolar.Pul bilen bagly möhüm kararlar kabul etmek maslahat berilmeýär. Garaşylmadyk satyn alyşlardan gaça duruň, meýilleşdirilen satyn alyşlar bolsa üstünlikli bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň başy aladaly bolar. Emma siz optimizmiňizi saklap, kynçylyklary ýeňip geçersiňiz. Ýakynlaryňyz size goldaw berer.Günüň ikinji ýarymynda gatnaşyklarda mähirlilik we özara düşünişmek öňe saýlanýar. Ýanýoldaşyňyz ýa-da söýgüliňiz bilen romantik agşamlyk naharyny iýmek ýa-da medeni çärelere gatnaşmak gatnaşyklaryňyzy täze derejä göterer. Maşgala agzalaryňyzyň maslahatyna gulak asyň, olar size goldaw bermäge taýýar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Söhbetdeşlikler we möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gün. Adamlar bilen aňsat düşünişersiňiz. Köne düşünişmezlikleri çözüp bolýar.Şeýle-de bolsa saglyk taýdan ünsli boluň. Agyr fiziki işler maslahat berilmeýär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)    
Günüň başy energiýaňyzyň we özüňize bolan ynamyňyzyň artýan döwri. Geljek baradaky uly meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin amatly pursat gelip ýetdi. Syýahat etmek, täze bilimleri öwrenmek ýa-da dünýägaraýşyňyzy giňeltjek adamlar bilen tanyşmak size uly ruhy lezzet berer.Güniň ikinji ýarymynda sport bilen meşgullanmak ýa-da uzak aralyga ylgamak size diňe bir saglyk däl, eýsem artykmaç energiýany dogry sarp etmäge hem kömek eder.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Gowy gün. Çylşyrymly işlerde üstünlik gazanarsyňyz. Täze tanyşlyklar aňsat bolar.Emma realistik boluň. Uly çykdajylardan gaça duruň, diňe meýilleşdirilen satyn alyşlar üstünlikli bolar.Güniň ikinji ýarymynda maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen aragatnaşygyňyzda dostlukl  höküm sürer. Egerde  gatnaşyklaryňyzda käbir düşünişmezlikler bar bolsa, olar parahatçylykly ýol bilen çözüler. Ýanýoldaşyňyz bilen täze meýilnamalar düzmek ýa-da bilelikde syýahata çykmak barada gürleşmek üçin amatly pursat.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Daluwlar üçin bu günler jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň we täze pikirleriň öňe sürüljek döwrüdir. Siziň erkinlige bolan islegiňiz we täzelikçi garaýyşlaryňyz töweregiňizdäkiler üçin ylham çeşmesi bolup biler.Siziň häzirki wagtda intellektual ukyplaryňyz we täze maglumatlary özleşdirmek ukybyňyz ýokary derejededir. Dostlaryňyz bilen duşuşmak, täze tanyşlyklar açmak we toparlaýyn taslamalarda işlemek size diňe bir peýda getirmän, eýsem ruhy lezzet hem berer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar üçin bu döwür ruhy taýdan täzelenmek we içki dünýäňize seretmek wagtydyr. Intuisiýaňyzyň iň ýokary derejä ýetýän wagty bolansoň, töweregiňizdäki wakalaryň gizlin manylaryny aňsatlyk bilen çözüp bilersiňiz.Sizde döredijilik ukyby  we ylham artar. Täze başlangyçlar üçin däl-de, eýýäm başlanan işleri jemlemek we geljek üçin meýilnama düzmek has netijeli bolar. Ýyldyzlar size sabyrly bolmagy we ownuk zatlara üns bermegi maslahat berýärler. Iş ýeriňizde  resminamalar we hasaplar bilen işleşeniňizde ýalňyşlyklaryň öňüni almak üçin has dykgatly boluň.Emma  uly möçberli söwdalary birsellem yza süýşürmek maslahat berilýär.