JEMGYÝET

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Waşington şäheriniň (Kolumbiýa okrugy) resmi «Bler-Haus» kabulhanasynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň täze tapgyryny alamatlandyrýan dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny ABŞ-nyň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Krouli gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň jemgyýetçilik torundaky sahypalarynda habar berilýär.

Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri, şol sanda Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým gatnaşdy. Bu duşuşykda iki ýurduň wekilleri türkmen-amerikan gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Türki Döwletleriň Guramasy: saýlawlar halkara ülňülerinde geçirildi

Ata Watan Eserleri

<> AFK-nyň kubogy ― 2019-a ýeňiş bilen başlady

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýada saparda bolar