JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: türkmen tebigy gazynyň geografiýasyny giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi.

«2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisiniň işe girizilmegi yklymlarda energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulmak mümkinçiliklerini açdy» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem hut şu nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar.

«Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi