DÜNÝÄ

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumynyň mejlisleri «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi syýasy dialogynyň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentleriň orny», «Sebitiň ykdysady özara baglanyşygy, durnukly ösüşi we «ýaşyl» özgerişi» we «Kanunyň hökmürowanlygy, sanly özgerişlik we inklýuziw dolandyryş» atly temalarda geçdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri üç ugry öz içine alýan mejlisleriň işine gatnaşyp, häzirki wagtda şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek, ulag geçirijilerini döretmek we giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ugurlarda işleri kämilleşdirmek bilen baglylykda, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar we taslamalar barada belläp geçdiler.

Foruma gatnaşyjylar halklaryň arasyndaky dostluk köprüleriniň, özara ynanyşmagyň berkidilmeginde, durnukly maýa goýum we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde institusional hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň giňeldilmeginde parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti barada nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy