Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 4-nji apreli bilen 20-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Arkadag” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary ikinji, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Möwsümiň öňüsyrasy futbol çempionatymyzda çykyş edýän toparlaryň düzümlerinde üýtgeşmeler bolup geçdi. Şeýle hem birnäçe topar täze baş tälimçiler bilen möwsüme girişýär: “Ahal” toparyna Eziz Annamuhammedow, “Şagadam” toparyna Maksatmyrat Şamyradow hem-de “Merw” toparyna Rahmanguly Baýlyýew tälimçilik eder.
Futbol çempionatymyza gatnaşýan toparlaryň düzümlerinde bolup geçen üýtgeşmeler:
“Arkadag” futbol kluby
Gelen oýunçylar: Daýanç Meredow (“Köpetdag”), Meýlis Diniýew (“Gyrgyzaltyn”, Gyrgyz Respublikasy).
Bellik: “Arkadag II” toparynyň düzümine ýaş futbolçylaryň goşulandygyny bellemek gerek.
“Ahal” futbol kluby
Gelen oýunçylar: Şazada Bäşimow, Aşyr Jumadurdyýew, Muhammet Öwezow, derwezeçi (hemmesi “Şagadam”), Gurbanmuhammet Esenow (“Arkadag”, kärendesine), Ruslan Priýew (“Şagadam”, kärendesinden dolandy), Azat Annaýew (“Aşgabat”).
Bellik: Şeýle-de, “Ahal II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
“Altyn Asyr” futbol kluby
Gelen oýunçylar: Selim Ataýew, Mekan Aşyrow (ikisi-de “Şagadam”), Begmyrat Baýow (“Aşgabat”), Myrat Öwezmyradow (“Merw”), Bagtyýar Gürgenow (“Ahal”).
Bellik: Şeýle-de, “Altyn Asyr II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
“Şagadam” futbol kluby
Gelen oýunçylar: Toýly Batyrow (“Arkadag”), Didar Narjanow (“Ahal”), Resul Mahmydow (“Köpetdag”), Azatmuhammet Hojamuhammedow (“Aşgabat”), Akmämmet Metdäýew (“Ahal”), Serdar Gulyýew, Hydyr Ýakubow (ikisi-de “Nebitçi”).
Bellik: Şeýle-de, “Şagadam II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
“Nebitçi” futbol kluby
Gelen oýunçylar: Alibek Abdyrahmanow, Elman Tagaýew, Gurban Annaýew, Begenç Mämiýew (hemmesi “Ahal”), Maksat Çagbalyýew (“Merw”), Serdar Orazalyýew (“Aşgabat”).
Bellik: Şeýle-de, “Nebitçi II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
“Aşgabat” futbol kluby
Gelen oýunçylar: Süleýman Muhadow, Wahyt Orazsähedow, Merdan Muhadow, Kiril Çaruhin (hemmesi “Altyn Asyr”), Söhbet Allanurow, Döwletmuhammet Jollatow, derwezeçi (ikisi-de “Merw”), Batyr Täçnazarow, Agageldi Täçmämmedow (ikisi-de “Köpetdag”), Wahyt Wahydow.
Bellik: Şeýle-de, “Aşgabat II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
“Köpetdag” futbol kluby
Gelen oýunçylar: toparyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
“Merw” futbol kluby:
Gelen oýunçylar: Myrat Aşyrow (“Nebitçi”), Salim Umarow (“Ahal”), Aly Haýdarow (“Altyn Asyr”), Ezizmämmet Orazmämmedow, Ýakup Magsadow.
Bellik: Şeýle-de, “Merw II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
