SIZDEN GELENLER

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň — bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ähli ugurlarda uly üstünliklere beslenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň şygarynyň yglan edilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýar. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Gözelligiň, kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.

Ine, şeýle ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny düýpgöter ösdürmek hem-de has-da kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň gülläp ösmeginde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýän hünärmenleriň ýetişdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy eziz Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda öz ornuny berkitmegine giň ýol açdy.

Umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylarda Watana bolan söýgini terbiýelemek, türkmene mahsus bolan edep-terbiýäniň iň gowy nusgalaryny kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şu nukdaýnazardan türkmen diliniň hem ähmiýeti uludyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna ýüzlenip: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip belleýär. Ajaýyp zamanamyzda ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi dünýä dillerini öwrenmäge, ylym-bilimi özleşdirmäge ruhlandyrýar.

Daşary ýurt dillerini bilmek bütin dünýäde möhüm ähmiýetli ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dilini bilmek häzirki zaman dünýäsine giň ýol açmakdyr. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da gözýetimi giň bolýar, jemgyýetde özüni has-da ynamly alyp barmagyna, beýleki halklaryň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem dürli çeşmelerden peýdalanyp bilmegine şert döreýär. Dil bilmek onuň medeni derejesiniň ösmegine, özüni şahsyýet hökmünde kämilleşdirmäge, oňa hünär ussatlygyna ýetmäge itergi berýär.

Ýöne, her bir milletiň özüne mahsus bolan ene dilini çuňňur öwrenmek hem esasy wezipeleriň biridir. Türk­men hal­ky­nyň dö­re­den gym­mat­lyk­la­ry, di­li we ede­bi­ýa­ty şöh­rat­ly ta­ry­hyň be­ýa­ny­dyr. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­le­şen, ede­bi eser­ler bi­len baý­la­şan di­li­miz hal­kyň ru­hy ha­zy­na­sy bo­lup dur­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şeý­le bel­le­ýär: «Di­liň we ede­bi­ýa­tyň ha­ky­ky eýe­si halk­dyr». Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den hem gör­nü­şi ýa­ly, hal­kyň dö­re­den gym­mat­ly­gy eg­sil­mez ha­zy­na bo­lup, mil­li­li­giň nus­ga­sy­dyr. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, mil­li gym­mat­lyk­lar di­ýe­ni­miz­de hök­ma­ny su­rat­da hal­kyň ru­hy ha­zy­na­sy bo­lan türk­men di­li göz öňü­mi­ze gel­ýär. Bu gym­mat­ly­gy, ru­hy ha­zy­na­ny öw­ren­mek we ýaş ne­sil­le­re ýe­tir­mek asyl­ly ýö­rel­gä­miz bo­lup dur­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men di­li yl­my esas­da öw­re­nil­ýär, ede­bi eser­ler­de bol­sa wa­gyz edil­ýär. Mu­nuň özi di­li­mi­ziň mun­dan beý­läk hem baý­laş­ma­gy­na, baý söz­lük go­ru­nyň öw­re­nil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Her bir halkyň özboluşlylygyny saklaýan iň uly gymmatlygy onuň dilidir. Türkmen dili hem dünýäniň iň gadymy we baý dilleriniň biri bolup, ol biziň pederlerimizden galan iň mukaddes mirasdyr. Dil bolmasa, millet hem bolup bilmeýär. Türkmen dili biziň milli bitewüligimiziň binýadydyr. Ol biziň şöhratly taryhymyzy, Oguz han eýýamyndan gelýän däp-dessurlarymyzy we Magtymguly Pyragynyň pelsepesini özünde jemleýär. Ene dilimizi bilmek we ony arassa saklamak, her bir türkmen raýatynyň mukaddes borjudur.

Türkmen dili örän çeper we labyzly dildir. Biziň nusgawy şahyrlarymyzyň döreden eserleri, halk dilden gelen rowayatlarymyz we dessanlarymyz şu diliň üsti bilen nesilden-nesle geçip gelipdir. Dilimiziň baý söz gory biziň dünýägaraýşymyzy giňeltmäge we pikirlerimizi has täsirli beýan etmäge mümkinçilik berýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diliniň döwlet dili hökmündäki derejesi has-da berkedildi. Häzirki wagtda dilimiz ylymda, bilimde, halkara gatnaşyklarynda we sanly ulgamda işjeň ulanylýar. Bu bolsa türkmen diliniň diňe bir geçmişiň dili däl, eýsem geljegiň hem dilididini subut edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen iki jiltden ybarat «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» hem-de «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» halkymyza ýetirildi.

“Söz — köňlüň açarydyr.” Dilimizi söýmek, ony kämilleşdirmek we geljekki nesillere aslyna wepaly görnüşde ýetirmek biziň iň uly wezipämizdir.

Hawa, bu günki gün türkmen ýaşlaryna berilýän ylym-bilim ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýat bolup durýar. Ata Watanymyzda hemmetaraplaýyn ösen, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarýan, milli mirasymyza hormat goýýan, ylmyň gazananlaryny başarnykly özleşdirip, ajap eýýamyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy baş maksadyna öwren nesilleriň ýetişmegi üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu döwletli wezipäniň durmuşa geçirilmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýärler» diýen nurana sözi biz — mugallymlar üçin baş ýörelge bolup hyzmat edýär.

Goý, ösüşlerimiziň kuwwaty ylma-bilime uly ähmiýet berýän, durmuşymyzyň bagtyýarlyga beslenmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Merjen Begmedowa,

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 136-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, ykdysady ylymlaryň magistri. 

Ýene-de okaň

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy