Pakistanyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusup Raza Gilani Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşygynyň dowamynda Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Diplomaty mähirli garşylap, Gilani iki halkyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryň özara hormata, umumy gymmatlyklara, taryha, medeniýete hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlyga esaslanýan çuňňur kökleriniň bardygyny nygtady. Senatyň baştutany geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny ýatlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyklaryň özara düşünişmegi berkidendigini we täze hyzmatdaşlyk ýollaryny açandygyny belledi.
Senatyň Başlygy Pakistanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biridigini belledi. Ol Pakistanyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny üýtgewsiz goldaýandygyny tassyklap, Yslamabadyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň awtordaşy hökmünde tutýan ornuny aýratyn belledi.
Ýusup Raza Gilani, şeýle hem, Pakistanyň Prezidentiniň, Premýer-ministriniň we Wise-premýeriniň Aşgabada ýakynda amala aşyran saparlaryny ýatlady. Premýer-ministriň 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylda Pakistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy tassyklanyldy. Gilaniniň bellemegine görä, bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklara güýçli itergi berer we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrar.
Ykdysady meseleler barada durup geçip, Senatyň baştutany Türkmenistanyň strategik ähmiýetini belledi we energetika (şol sanda suwuklandyrylan gaz — LPG), söwda we maýa goýum ugurlarynda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Demir ýol ugurlary we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasy arkaly sebitara baglanyşygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Gilani Maýa goýumlaryna ýardam bermek boýunça ýörite geňeşiň (SIFC) işini daşary ýurtly maýadarlar üçin “ýeke-täk penjire” platformasy hökmünde tanyşdyryp, türkmen telekeçilerini maglumat tehnologiýasy we derman senagatyndaky mümkinçilikleri öwrenmäge çagyrdy.
Parlamentara gepleşiklere hem möhüm orun berildi. Senatyň baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny Päkistana sapar etmäge, şeýle hem Kambojada geçiriljek Parlament ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Öz gezeginde Ilçi Atajan Möwlamow Pakistanyň yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we Aşgabadyň Yslamabat bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Ol üstaşyr söwdany ösdürmek we türkmen harytlarynyň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin Gwadar portunyň mümkinçiliklerini ulanmak meselelerine ynamly garaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Ýusup Raza Gilani Pakistanyň köpýyllyk hoşniýetli gatnaşyklary iki ýurduň halklary üçin anyk we özara bähbitli netijelere öwürmek niýetiniň bardygyny nygtady.
