BIZNES

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Resul Myradow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli Permana şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenen Resul Myradow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanda himiki we mineral dökünleri öndürýän  kärhanalaryň dolanyşygyny ýola goýmak maksady bilen döredilen möhüm döwlet edaralarynyň biridir.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiki zawodyny, “Tejenkarbamid” zawodyny, “Marykarbamid” zawodyny, “Hazar”himiki zawodyny, “Balkanabat” we “Bereket”  ýod zawodlaryny, “Guwlyduz” kombinatyny, “Maryazot”, “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiklerini, Garlydaky dag baýlaşdyryjy kombinatyny we “Dökünhimiýa” kärhanany, mundan başga-da “Garabogazkarbamid” ýaly önümçilik kärhanalaryny birleşdirýär.

Related posts

Ýerli telekeçiler pagta we polipropilen satyn aldylar

Nagt däl hasaplaşyk siziň bähbidiňize

vepa

Kiçi we orta telekeçilige 10 million dollarlyk maliýe goldawy: COVID-19

Ata Watan Eserleri