JEMGYÝET

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, onda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we bu ministrligiň ministri wezipesine Hangeldi Kerimow bellendi.

Related posts

Türkmenistan’daki Ruslar seçimde oy kullanabilecek

vepa

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sankt-Peterburga iş sapary

Ata Watan Eserleri

Mekgejöwen ekin meýdanyny labirinte öwürdi