SPORT

Ronaldo futbol bilen hoşlaşýarmy?

Hüjümçi Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyndan gitmek we futbolçylyk karyerasyny tamamlamak barada karara geldi. Žurnalist Ben Jeýkobsyň öz sosial ulgamdaky sahypasynda paýlaşan maglumatyna görä, 40 ýaşly futbolçy klub bilen şertnamasyny uzaltmagy meýilleşdirmeýär we 2027-nji ýylyň tomsunda resmi ýagdaýda futboly goýýanjakdygyny yglan eder.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, «Al-Nasr»  toparynyň ýolbaşçylary Ronaldony azyndan ýene bir möwsüm saklap galmaga synanyşar. Eger bu mümkin bolmasa, klub futbolçyny Saud Arabystanynda saklap galmak üçin oňa bilelikdäki eýeçilikden 15 göterime çenli paý hödürlemäge taýýar.

Kristiano Ronaldo «Al-Nasr» kluby bilen şertnamany 2023-nji ýylda, «Mançester Ýunaýted» bilen şertnamasy tamamlanandan soň, erkin agent hökmünde gol çekişipdi.

Häzirki wagta çenli Ronaldo «Al-Nasr» üçin 125 oýun geçirip, 110 gol geçirdi we 22 gol pasyny berdi. Onuň häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär, “Transfermarkt” portaly bolsa oňa 12 million ýewro baha berýär.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Ronaldoly Al-Nasr» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň çäklerinde Aşgabatda “Arkadag” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine täze ýolbaşçy saýlandy

Nani Gazagystanda oýnar

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi