SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

23-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün ähli meselelerini  dessine çözmäge howlukmaýan Hamallar üçin amatly bolar. Wakalaryň ösüşi garaşylandan birneme haýal bolup biler, emma bu ýagdaý çynlakaý kynçylyklara getirmez. Möhüm meýilnamalary bolan we daşky goldawa mätäç Hamallar birneme dartgynly bolup bilerler. Iş ýerinde we öýde düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy ähtimal, emma sabyrlylyk ýagdaýy sazlamaga kömek eder. Doredijilik bilen meşgullanýanlar üçin bu gün aýratyn üstünlikli bolar. Maliýe meselelerinde seresaplylyk artykmaç çykdajylaryň öňüni alar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün Sowurlar üçin aňsat geçmez. Bir wagtyň özünde birnäçe işi çözmek zerurlygy ýüze çykyp biler. Daş-töwereginde ynamdar adamlary bolan Sowurlar özlerini has rahat duýarlar. Iş ugrunda garaşylmadyk üýtgeşmeler we bäsdeşleriň işjeňligi artmagy ähtimal. Şeýle hem aldawlardan ägä bolmak maslahat berilýär. Güniň ikinji ýarymynda syýahat üçin amatlydyr, aýratyn-da ýakyn dostlar bilen. Romantik syýahatlar hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün tanyş işlere üns berilse, üstünlikli geçer. Täze işlere başlamak üçin öňden tanalýan hyzmatdaşlaryň goldawy zerur bolup biler. Resmi edaralar bilen gatnaşyklarda gijikmeler ýüze çykmagy ähtimal. Şeýle hem maliýe meselelerini soňa goýmak maslahat berilýär. Şahsy gatnaşyklarda bolsa oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder, romantik duşuşyklar şatlyk getirer.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün Seretanlar üçin köne dostlar bilen duşuşyklar we uzakdan hoş habarlar geler. Uzaga çeken gepleşikler üstünlikli tamamlanar. Iş we maliýe meselelerinde möhüm ylalaşyklara gelmek mümkin bolar. Söýgi gatnaşyklarynda sazlaşyk höküm sürer, täze romantik tanyşlyklaryň başlanmagy hem ähtimal.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün ýokary maksatlaryňyz  üçin üstünlikli bolar. Dörän kynçylyklara garamazdan, özüňize bolan ynamyňyz sarsmaz. Iş ýüzünde peýdaly tanyşlyklaryň ýüze çykmagy ähtimal. Şahsy gatnaşyklarda düşünişmek we ylalaşyk güýçlener. Köne düşünişmezlikleri çözmek üçin ilkinji ädimi hut özüňiz ätmeli bolarsyňyz.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün Sünbüleler üçin durnukly we amatly geçer. Seresaplylyk we paýhaslylyk ýalňyşlyklaryň öňüni alar. Daş-töweregiňizi seljerip, kimlere ynanmalydygyny anyklarsyňyz. Şahsy gatnaşyklarda sazlaşyk bolar. Maliýe meselelerinde howlukmak maslahat berilmeýär.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün iş babatda üstünlikli bolar. Iň başdan möhüm meseleleriň çözgüdine girişseňiz, netijeler uzak wagt garaşdyrmaz. Täze hyzmatdaşlygyň başlanmagy ähtimal. Köne dostlar bilen duşuşyklar peýdaly bolar, maşgala gatnaşyklarynda hem oňyn üýtgeşmeler bolup biler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler, emma olar köplenç ownuk bolar. Iş gatnaşyklarynda seresap bolmak maslahat berilýär. Köne hyzmatdaşlaryňyz size goldaw bererler.Güniň ikinji ýarymynda  täze tanyşlyklaryň geljekde romantik häsiýete eýe bolmagy mümkin.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün Kowuslar üçin örän amatly bolar. Täze işlere başlamak we kyn meseleleri çözmek üçin oňat mümkinçilikler açylar. Intuisiýa dogry karar kabul etmäge kömek eder. Şahsy gatnaşyklarda oňyn ýagdaýlar güýçlener, maşgala içinde hoş wakalar bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Bu gün Jedi ýyldyzy astynda doglanlara garaşylmadyk pursatlar garaşýar. Iş we şahsy duşuşyklar üstünlikli geçer. Okuw we seljerme talap edýän işler aňsat başardar. Geljek baradaky meýilnamalaryňyz  real we maksada okgunly bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün uly we uzak möhletli taslamalara başlamak üçin amatlydyr. Täze hyzmatdaşlyklar peýdaly bolar. Karýera taýdan ösüş mümkinçilikleri ýüze çykyp biler. Şahsy gatnaşyklarda durnuklylyk höküm sürer. Syýahatlar täze romantik başlangyçlara ýol açmagy mümkin.
Hut (balyk 21.02 – 20.03) 
Bu gün Hutlar üçin rahat we dynç alyşly geçer. Gyzykly tanyşlyklaryň ýüze çykmagy ähtimal. Çylşyrymly meseleleri soňa goýmak maslahat berilýär. Maliýe babatda üstünlikli satyn almalar mümkin. Agşam romantik duşuşyklar üçin amatlydyr.
Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

2026;Hepdelik täleýnama (19-njy -25-nji ýanwar )

22-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

19-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

17-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

16-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

14-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama