TEHNOLOGIÝA

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

2022-nji ýylda çap edilen “Artificial Intelligence for Dummies” ýaly kitaplar emeli intellektiň geljegi barada umuman seresaply, kä ýerlerde bolsa örän çäklendirilen çaklamalary öňe sürýärdi. Şol döwürde köp alymlar we awtorlar emeli intellektiň diňe hasaplama, logika we gaýtalanýan işleri ýerine ýetirip biljekdigini, döredijilik, dil we adamlar bilen täsirleşmek ýaly ugurlarda bolsa onuň mümkinçilikleriniň örän pes boljakdygyny aýdýardylar.

Emma 2023–2026-njy ýyllar aralygynda ýagdaý düýpgöter üýtgedi.

1. Dil we ýazuw ugrundaky çaklamalar ýalňyş çykdy
2022-nji ýylda:

Kompýuterler “hakykatdan düşünmeýär”
Diňe açar sözlere jogap berýär
Doly ýazuw we döredijilik mümkin däl diýlip hasaplanýardy

Häzirki wagtda bolsa, Emeli Intellekt makala, kitap, şertnama, hat ýazyp bilýär. Birnäçe dilde terjime edýär.  Mugallym, maslahatçy, hatda psiholog hökmünde ulanylýar. Şeýlelikde Bu ugurda 3 ýyl öňki çaklamalar düýbünden ýalňyş boldy. Pikir edip görüň, eger 3 ýyl ýaly gysga döwür üçin çaklamalar ýalňyş bolýan bolsa, eýsem ýene 10-20 ýyldan nämeler bolup biler.

2. Dürli döredijilik ugurlarynda AI garaşylandan has öňe gitdi

Öň:
Dürli sungat eserlerini döretmek diňe adama mahsus hasap edilýärdi. AI bolsa diňe bar bolan maglumatlary gaýtalaýar diýilýärdi

Häzirki wagtda:

AI aýdym-saz döredýär.
Surat çekýär, film ssenariýalaryny ýazýar.
Logotip, dizaýn, reklama pikirlerini hödürleýär.
Bu döredijilik “adam ýaly duýguly” bolmasa-da, netijesi bazarda doly ulanylýar.

3. Fiziki dünýäde AI henizem çäkli

Bu ugurda bolsa 2022-nji ýyldaky çaklamalar köp derejede dogry boldy:
Robotlar henizem adam ýaly hereket edip bilenok.
Özüni doly dolandyrýan maşynlar giňden ýaýranok.
Fiziki gurşawda düşünme kyn.Emeli Intellektiň iň gowşak tarapy henizem fiziki dünýä.

4. Öz-özüne düşünmek we şahsy aň meselesi üýtgemedi

Soňky 3 ýylda:
AI özüni “düşünýän” ýaly gürrüň berýär.
Emma onuň islegi, gorkusy, maksady ýok.
Öz şahsyýeti we aňy ýok.
Bu meselede:
AI henizem adam ýaly däl.
Öz-özüne düşünýän jandar däl.
Netije
Soňky 3 ýylda Emeli Intellekt baradaky çaklamalaryň:
Köpüsi örän pes baha berlen.
Käbirleri bolsa garaşylandan has çalt üýtgän.
Esasan hem:
Dil
Düşündiriş
Dürli döredijilik ugurlary
boýunça AI garaşylandan has çalt ösdi.
Emma:

Duýgy
Fiziki hereket
ugurlarynda bolsa adam bilen aradaky tapawut henizem saklanýar.

Häzirki döwürde esasy sorag şudur:
“AI näme edip bilýär?” däl-de
“Biz ony nähili ulanmalydyrys?”

 

Ýene-de okaň

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler

“Tesla” dünýäde iň iri elektromobil öndürijisi derejesini ýitirdi