BILIM

Türkmenistanyň ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly.

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edarada hasaba alynýar.

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna:

— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arzasyny;

— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýardygy baradaky güwänamasyny.

— şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron pçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Related posts

Talyp-2025: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň salgylary we telefon belgileri

Talyp-2023: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty