BIZNES

Rus ilçisi: Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

2025-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin žurnalistler üçin geçirilen brifingde mälim etdi.

“Russiýa Türkmenistan üçin öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galdy. 2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 35% ýokarlandy, bu bolsa 2024-nji ýylyň tutuş görkezijisinden ep-esli ýokarydyr”, — diýip ol aýtdy.

Brifinge degişli metbugat býulleteninde bellenilişi ýaly, Türkmenistanda rus kapitalynyň gatnaşmagynda 38 kompaniýa hasaba alnypdyr. Olaryň hatarynda “Gazprom”, “KamAZ”, “Tatneft” ýaly kompaniýalaryň wekilhanalary we şahamçalary hem bar.

Related posts

«BOSS» ― täze witaminli içgi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2020’de elektrik ihracatını 6,9 milyara çıkarmak istiyor

vepa

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer