BILIM

Russiýanyň ilçisi: rus-türkmen uniwersiteti barada ylalaşyk tamamlaýjy tapgyrda

Aşgabatda rus-türkmen uniwersitetini döretmek we onuň iş şertleri baradaky ylalaşygyň taýýarlanylyşy tamamlaýjy tapgyrda dur. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin žurnalistler üçin geçirilen brifingde mälim etdi.

“Hazirki wagtda Türkmenistandan bolan 54 müňden gowrak talyp Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Türkmenistandan bolan dalaşgärler üçin federal býujetiniň hasabyna okuw boýunça bölüp beren kwotasy 500 orny düzdi. Aşgabatda rus-türkmen uniwersitetini döretmek we onuň işiniň şertleri baradaky hökümetara ylalaşygyň taslamasy hem tamamlaýjy tapgyrda taýýarlanylýar”, — diýip ol aýtdy.

Wolynkin şeýle hem gün tertibinde 2002-nji ýyldan bäri işleýän A. S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki rus-türkmen orta umumybilim mekdebiniň kiçi synplary üçin täze okuw binasynyň gurluşygy baradaky taslamanyň hem bardygyny belledi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, 2025-nji ýyl medeniýet ulgamynda rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň has işjeňligi bilen tapawutlandy. “190-dan gowrak ynsanperwer çäre guraldy, olara takmynan 16 müň adam gatnaşdy. Paýtagt ýaşaýjylarynda biziň diplomatik wekilhanamyzyň ‘Diplomatik notalar’ atly saz taslamasy uly gyzyklanma döretdi. Onuň çäginde rus klassikleriniň eserleri bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen birnäçe konsert geçirildi”, — diýip ol belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler

Koreýa Respublikasyndan Halkara gatnaşyklary institutyna tehniki kömek

Türkmen talyp ýaşlary Bangkokdan medally dolandylar

BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalaryndaky türkmen talyp ýaşlarynyň üstünlikleri

Amerikada mugt magistr okasyň gelýärmi?: Fulbrught Foreign study programme

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilimiň täze ulgamy güýje girer