SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

Türkiýe adaty pasporty bolan we syýahatçylyk hem-de üstaşyr maksatlary bilen barýan Hytaýyň raýatlary üçin wizasyz giriş düzgünini girizdi. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hökümet gazeti bolan “Resmi Gazete” neşirinde çap edilen kararynda bellenildi.

Täze düzgünlere görä, hytaýly syýahatçylar islendik 180 günlük döwrüň içinde 90 güne çenli bolan möhlet üçin wiza almak zerurlygyndan boşadylar. Degişli düzgün 2026-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap güýje girer.

Bu ädim iki ýurduň arasyndaky söwdany we syýahatçylygy berkitmäge gönükdirilendir. Wizalaryň ýatyrylmagy Türkiýe üçin iň çalt ösýän syýahatçylyk bazarlarynyň birine öwrülen Hytaýdan gelýänleriň sanynyň ep-esli artmagyndan soň amala aşyryldy.

Türkiýäniň resmi maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkiýä gelen hytaýly syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 65,1% artyp, takmynan 410 müňe ýetdi. Muňa howa gatnawlarynyň gowulanmagy we ýurduň medeni mirasyna bolan gyzyklanmanyň artmagy sebäp boldy.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi