Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallar üçin peýdaly tejribeler bilen baý gün bolar. Durmuşdaky ýagdaýlar elmydama isleýşiňiz ýaly bolman biler, şonuň üçin sabyrlylyk we özüňi dolandyrmak aýratyn ähmiýetlidir. Iş ýerinde möhüm kararlar kabul edilende howlukmazlyk maslahat berilýär. Maliýe meselelerinde tygşytly bolmak we öňünden meýilnama düzmek maslahat berilýär. Güniň ikinji ýarymynda maşgalaňyz we ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz rahat geçer, olaryň goldawy size ruhy güýç berer.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu gün durnuklylygyň we ynamyň alamatydyr. Öň başlanan işleriňiz kem-kemden oňyn netijeleri berip başlar. Iş ýerinde siziň jogapkärçiligiňiz we sabyrlylygyňyz ýokary bahalandyrylar. Güniň ikinji ýarymynda maliýe taýdan ýagdaýlar kadaly bolar. Emma gereksiz çykdaýjylardan gaça durmak maslahat berilýär. Şeýle hem şahsy durmuşda aç-açan gepleşikler gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jöwzalar üçin maglumatlara, söhbetdeşliklere we duşuşyklara baý gün bolar. Täze habarlar size täze mümkinçilikleriň gapysyny açyp biler. Güniň ikinji ýarymynda resminamalar we iş ýüzündäki ylalaşyklar boýunça ünsli boluň. Agşam dostlaryňyz bilen wagt geçirmek ruhy ýagdaýyňyzy gowulaşdyrar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin bu gün duýgular has güýçli bolar. Ýakynlaryňyza mähir we üns bermek zerur. Işde käbir gijikmeler bolup biler, emma bu ýagdaý wagtlaýyndyr. Maliýe ýagdaýy durnukly, ýöne tygşytlylyk ýörelgesini saklamak peýdalydyr. Özüňiz bilen ýekelikde galyp, geljekgi meýilnamalaryňyzy seljermek size peýda getirer.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün Esetler özüni görkezmek üçin amatlydyr. Iş ýerinde täze mümkinçilikler ýa-da jogapkärçilikler ýüze çykyp biler. Özüňize bolan ynamyňyz has güýçlener, emma başgalaryň pikirini hem hasaba almak möhümdir. Güniň ikinji ýarymynda şahsy durmuşyňyzda hoş habarlara ýa-da duşuşyklar garaşylýar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler bu gün jikme-jikliklere aýratyn üns bermelidirler.Işleriňizi tertipli alyp barmak size üstünlik getirer. Emma saglyk bilen bagly ownuk aladalar ýüze çykyp biler. Maşgala gatnaşyklary durnukly we mähirden doly bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün Mizanlar üçin deňagramlylygyň günüdir. Iş we şahsy durmuş arasynda dogry deňagramlylygy tapmak möhüm bolar. Täze tanyşlyklar geljekde peýdaly hyzmatdaşlyklara öwrülip biler. Maliýe taýdan garaşylmadyk çykdajylar mümkin, şonuň üçin öňünden hasap-hesip etmek maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akraplar bu gün çylşyrymly meselelerini çözmek üçin amatly gün bolar. Iş ýeriňizde üstünlik gazanmagyňyz mümkin. Şahsy gatnaşyklarda sabyrly boluň. Gizlin maglumatlar ýa-da öň bilinmeýän ýagdaýlar äşgär bolup biler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün Kowuslar üçin täze maksatlar we meýilnamalar öň plana çykar. Geljek barada pikirlenmek, uzak möhletli kararlar kabul etmek üçin amatly gündir. Işde hyzmatdaşlyk üstünlikli geçer.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bu gün jogapkärçilikli meseleler köp bolar. Sabyrlylyk we yzygiderlilik size üstünlik getirer. Maliýe ýagdaýyňyz kadaly, emma tygşytly bolmak maslahat berilýär. Güniň ikinji ýarymynda maşgala agzalaryňyzyň goldawy sizi has-da ruhlandyrar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar bu gün döredijilikli pikirler bilen tapawutlanarlar. Şeýle hem täze başlangyçlar üçin amatly mümkinçilikler bar. Dostlaryňyzdan peýdaly maslahat alyp bilersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda işde garaşylmadyk üýtgeşmeler mümkin, emma olar size oňyn täsir eder.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin bu gün ruhy taýdan çuňňur bolar. Içki duýgularyňyza ynanmak dogry bolar. Işde ünsli bolmak zerur, sebäbi ownuk ýalňyşlyklar ýüze çykyp biler. Ýakynlaryňyz bilen mähirli gatnaşyklar size rahatlyk berer.
