SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

Russiýa bilen Saud Arabystany ähli görnüşli pasportlaryň — daşary ýurt, diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak barada hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Bu çäre Er-Rýadda geçirilen Russiýa-Saud Arabystany Işewürlik forumynyň çäklerinde boldy. Russiýa tarapyndan dabara wise-premýer Aleksandr Nowak gatnaşdy.

Resminama laýyklykda, iki ýurduň raýatlary hereket edýän pasportuny görkezip, hyzmatdaş döwletiň çägine bir ýylyň dowamynda 90 güne çenli wizasyz girip we şol ýerde galyp bilerler.

Mundan ozal Russiýanyň hökümeti bu taslamany noýabr aýynda makullapdy. Şu wagta çenli Russiýanyň raýatlary Saud Arabystanyna girmek üçin onlaýn ýa-da gelen wagtynda resmileşdirip bolýan wizany talap edipdi, bu hem ýurtda 90 güne çenli galmaga mümkinçilik berýärdi.

Wiza ylalaşygyndan başga-da, taraplar howanyň üýtgemegi we pes uglerodly ösüş meseleleri boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler, şeýle hem arhiw ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.

Bu resminamalar Saud Arabystanynyň paýtagtynda geçirilýän Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça rus-saud hökümetara toparynyň çäreleriniň çäklerinde gol çekildi.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler