DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde zenan deputatlaryň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde zenan deputatlaryň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Ýurdumyzyň BMG-ä agza döwletler tarapyndan ykrar edilen hem-de durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigi, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşan zenanlar milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmak, parlament diplomatiýasyny, sebitde we yklymda zenanlaryň dialogyny ösdürmek boýunça halkara derejede guralýan maslahatlaryň, ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň sebitde zenanlary goldamak, olaryň döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmakda ähmiýetine ünsi çekmek bilen, häzirki wagtda zenanlaryň alyp barýan işleriniň we täzeçil pikirleriniň ekologiýa, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş we bilim meseleleriniň çözülmegine goşant goşýandygy nygtaldy.

Duşuşykda zenan parlamentariler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap, ynamly gadam urýan ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda zenanlaryň uly orun tutýandyklaryny, BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň biri hökmünde gender deňligini üpjün etmekde Türkmenistanyň ýokary  üstünlikleri gazanandygyny bellediler. Şeýle hem duşuşykda zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini artdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, milli ruhy gymmatlyklara hormat goýmak hem-de döwrebap bilim almak ruhunda terbiýelemek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen senetçileri Saud Arabystanynyň Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar

Gruziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belledi

Tbiliside Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

Günorta Koreýanyň ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Bişkekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi