Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-17-nji noýabrda bu dostlukly ýurda döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti metbugat gullugy habar berýär.
Ýokary derejedäki gepleşikleriň gün tertibine türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, köpugurly hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda syýasy, söwda-ykdysady, ulag, suw-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarda giňeltmek meseleleri girizildi.
Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlary «Şawat-Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyny açmak dabarasyna gatnaşarlar.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň Liderleri halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alşarlar.
Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul etmek we ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna hem gatnaşar.
