2025-nji ýylyň 3-4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Tokio şäherine sapary amala aşyryldy.
Saparyň dowamynda wekiliýetiň Ýaponiýanyň ylmy-tehniki ugrunda iş alyp barýan döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.
2025-nji ýylyň 03-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Ýokary bilim we durmuş üpjünçiligi işleri boýunça toparynyň direktory D.Ueda bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, JICA agentligi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary üçin taýýarlanylýan okuw maksatnamalarynyň hem-de hünär taýýarlygy boýunça taslamalarynyň dowam etdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, agzalan agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäginde akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň giňeldilmegi bellendi.
Şol gün Tokio şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň Ýaponiýanyň Kawasaki senagat ösüş institutynyň Nanomedisina innowasiýa merkeziniň direktorynyň orunbasary K.Nagai bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda nanomedisinanyň häzirki ösüş ugurlary, onuň ynsanperwer ulgamyndaky orny, şeýle hem bu ugurda Ýaponiýada alnyp barylýan öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijeleri barada giňişleýin
pikir alşyldy.
Türkmen wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamlarynda ýokary nanotehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de bu ugurda ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylyda, nanotehnologiýa ugurlarynda bilim alýan türkmen talyplary üçin agzalan merkezde tejribelik okuwlarynyň guralmagy we bilelikde ylmy-barlag taslamalarynyň taýýarlanylmagy teklip edildi.
Şeýle hem, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň başlygy H.Koinuma we agzalan assosiasiýanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.
Duşuşykda türkmen-ýapon ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, şol bir wagtda ynsanperwer ulgamda täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň döredilmegi, bilelikdäki ylmy maslahatlaryň, okuwlaryň guralmagy, şeýle hem mugallymlaryň we talyplaryň akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň giňeldilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
03-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» korporasiýasynyň bölüm ýolbaşçysy M.Ýamazumi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde ýokary tehnologiýalar we önümçilik ulgamlarynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, korporasiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy, uniwersitetiň degişli ugurly talyplary üçin tejribe alyşmak we ylmy taslamalarda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Bu ugurda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen suw arrasalaýjy ulgamynyň taslamasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek meselelerine seredildi.