JEMGYÝET

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň umumy sanynyň çäklerinde:

1) Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap kazyýetini;

2) Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etrap kazyýetlerini;

3) Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etrap kazyýetlerini;

4) Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

***

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde:

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň prokuraturasy;

Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň prokuraturalary;

Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etraplarynyň prokuraturalary;

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň prokuraturasy döredildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri