BIZNES

Hytaý kagyz demir ýol biletlerinden ýüz öwürdi

1-nji oktýabrdan başlap, Hytaý dolulygyna elektron demir ýol biletlerine geçdi diýip, ýerli metbugat habar berýär.

Ýol çykdajylaryny yzyna almak üçin ulanylýan kagyz biletler dolulygyna diňe resmi 12306 hyzmaty arkaly berilýän elektron hasap-fakturalar bilen çalşyryldy.

Internetden peýdalanmaýan garry ýolagçylar we raýatlaryň amatlylygy üçin demir ýol edarasy öz-özüne hyzmat edýän terminallarda ýol petekleriniç çap edilmegini dowam etdirer. Onda ugramagyň wagty, otlynyň belgisi we ýer barada maglumat görkeziler, bu hem ýol üçin endikleşen maglumat görnüşini saklamaga mümkinçilik berer.

Hytaýda kagyz biletlerden ýüz öwürmek işi 2018-nji ýylda başlanypdy. Şonda käbir ugurlarda elektron biletleriň synag taslamasy ýola goýuldy. 2020-nji ýylyň iýun aýynda bu tejribe ýurduň ähli adaty demir ýol ulgamlaryna ýaýrady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy