ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ilkinji türkmen zenan mugallymy

Pedagogika ylmynyň taryhyna syn etsek görnükli pedagoglaryň we mugallymlaryň aglaba köpüsi erkekler bolupdyrlar. Emma muňa garamazdan, zenan pedagoglar we mugallymlar hem pedagogika ylmyna öz goşantlaryny goşandyrlar. Olardan Amerikada ýaşap geçen En Salliwan (1866-1936), Martina Maýner (1815-1864), Adel Markus (1906-1995), Şwesiada ýaşap geçen Ellen Keý (1849-1926), Italiýada ýaşap geçen Mariýa Montessori, Orsýetde ýaşap geçen  Nadežda Krupskaýa (1869- 1939) dagyny  görkezmek bolar.

    Türkmen zenan mugallymlarynyň öňbaşçysy

Meniň gürrüňini berjek bolýan şahsyýetim türkmen zenany Tatýana Tekinskaýa.

Tatýana Tekinskaýa. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

Tatýana Tekinskaýa kim? Nirelerde okap tälim alyp, mugallymçylyk derejesine ýeten? Bu zenanyň ykbaly gaty täsin we üýtgeşik. Türkmen halkynyň taryhynda pajygaly günleriň biri bolan Gökdepe galasynyň synan güni 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda patyşa rus goşunynyň serkerdeleri ‘’Ak general” diýilýän  goşun generaly D.M.Skobelewyň ýolbaşçylygynda galanyň içinde aýlanyp ýörkäler ýeke galan takmynan  üç ýaşlyja bir gyzjagazy tapýarlar. Ol gyzjagaza seretmekligi “Ak general” Gökdepe ýörüşine ýönekeý sanitar hökmünde gatnaşan grafinýa, harby ministriň gyzy bolan Ýelizaweta Dmitriýewna Milýutina tabşyrýar. Bu zenan bu gyzjagazy hyzmatkäri  Radion bilen ýuwyp-ardyp, arassa eşik geýdirýärler. Ol gyzjagaz öz adyny bilmänden soň oňa rus däbi boýunça 12-nji ýanwar Tatýananyň güni mynasybetli oňa Tatýana diýip at goýýarlar, atasynyň ady hökmünde bolsa “Ak generala” ýanap, Mihaýlowna diýip, familiýasyna bolsa ol gyzjagaz teke gyzy bolansoň Tekinskaýa diýip goýýarlar. Soňra bir aý geçensoň, Milýutina Tatýanany öz ýany bilen Bamydaky esasy gospitala alyp gidýär, ol ýerden bolsa olar Tatýanany öz ýanlary bilen Moskwa alyp gidýärler.

Gökdepe galasyndaky söweş. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

Moskwada Tanýajyk grafinýa Milýutinanyň öýünde bolýar, oňa ýörite bilim berýärler.

Ýelizaweta Melýutinanyň şekili. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

Ol ese-boýa galansoň ony Ýelizaweta adyndaky zenanlar institutyna ýerleşdirýärler. Tatýana bu ýerde gowy bilim alýar, birnäçe dilleri öwrenýär. Oňa bile okaýan gyzlary kä halat “Tekinka” diýip ýüzlenýän ekenleri. Ol özüniň teke türkmendigini bilýärdi we häli-şindi ata Watany hakynda oýlanýardy. Oňa mugallymlarynyň biri türkmenler barada kitap hem beripdir. Ol şol kitaby okanda öz dogduk mekany ýadyna düşýärdi. Şonda onuň ýüregi has hem gysýardy, bir zady ýetmeýän ýaly müzzerilip  ýörerdi. Tatýana okuwyna gaty jogapkärli garaýardy. Ol diýseň jepakeşdi, göreldeli okuwçylaryň biridi. Joralary onuň okaşyna guwanýardylar. Şeýdibem ol bu atly institudy abraý bilen tamamlaýar. Tatýananyň  ýigrimi bir ýaşy dolanda onuň durmuşynda täze sahypa açylýar.Ol ýaş ýigit Pýotr Skwarsow bilen nikalaşýar. Olar adamsy Pýotryň Harkowa işe ugradylmagy bilen ol ýerik göçüp gidýärler. Olara Harkowyň gara toprakly mes ýeri, mylaýym howasy, şadyýan halky ýaraýardy. Olaryň ol ýerde üç gyzlary bolýar. Emma köneleriň “Towşana dogduk depe” diýenleri-dä.  Tatýananyň ýüregi gysýardy. Onuň küýseýäni ata watany Türkmenistandy,  Gökdepe galasydy. Sähel eli boşaşdygy gara gözlerini şol bir nokada dikip, pikir derýasyna batýardy, muny Pýotr duýsada: “Aý näzik ýürekli aýal maşgaladyr-da, ýuwaş-ýuwaş öwrenşip giderdä”- diýip oňa üns hem bermeýärdi. Ahyry bir gün Tatýana ýaryldy, Pýotr bilen bu barada gürleşjek boldy, emma ol gürrüňden gaçyp ony soňa goýdy. Ol iş saparyna gidip, ol ýerde ýörite köp wagtlap eglendi. Emma näçe kän wagt geçdigiçe-de Tatýananyň Türkmenistana gaýtmak pikiri güýjeýärdi. Ahyry iki aý geçensoň Pýotr sapardan dolanyp gelýär we Tatýananyň ýüregi sowaşandyr öýdüp oňa we çagalaryna sowgatlaryny paýlaşdyrýar. Emma ertesi agşamaralar Tatýana Pýotra öz pikirini ýaňzydýar. Ol Pýotra ata watany Türkmenistanyň, Gökdepe galasynyň, ene-atasynyň, dogan-garyndaşlarynyň göz öňünden gitmeýändigini aýdýar we «Türkmenistana gideli» diýip ýalbarýar, türkmenleriň sadadan agzybir milletdigini düşündirýär. Emma Pýotr çürt-kesik garşy çykýar. Onda Tatýana özüni çagalary bilen goýbermegini soranda Pýotr ol barada gürrüň hem bolup bilmejegini aýdýar, onuň pikiriçe türkmenler basmaçylyk edip, hiç-bir häkimýede boýun bolman ondan-oňa göçüp ýören halk diýip düýpgöter garşy çykýar. Pýotr Tatýananyň goragsyzlygyndan peýdalanyp, çagalaryny suduň üsti bilen özi alyp galýar. Naçar ene bagryndan önen perzentlerini goýup, öz ata watany Türkmenistana ýeke özi mejbur gaýtmaly bolýar. Ol wagtyň geçmegi bilen hemme zat düzeler, çagalar ulalar, gatnaşygy ýola goýarys, belkem meniň ýanymda ýaşarlar diýip öz-özüne göwünlik berýärdi. Şeýlelik bilen Tatýana çagalary bilen hoşlaşyp Türkmenistana gaýdýar.

Aslynyň yzy bilen ene topraga tarap

Tatýana wagonyň penjiresinden daşaryny synlap barşyna ahyryn gumluk çägä, alaňlardaky hažžyklara, gara öýlere gözi düşüp başlaýar. Şonda ol uludan bir demini alypdy. Gynansakda Tatýana öz çyn adynam, ene dilinem bilenokdy. Bar ýadynda galan zat Gökdepe, teke gyzy we äpet galady.Tatýana ençe ýyllaryň geçenine garamazdan ildeşleri bilen garyşyp gidiberýär, dilini öwrenýär. Soňra rus patyşasyna arza ýazyp, äriniň Skwarsow familiýasynyň deregine öňki gyz familiýasyny Tekinskaýa familiýasyny alýar.

Tatýana her gezek şähere çykanda ildeşleriniň howatyrly, biynjalyk gözlerini, üýşip, gülüşip gezip ýören rus ofiserlerini görýärdi. Rus esgerleri, ofiserleri we olaryň maşgala agzalary hristian buthanasynda edil оrsýetdäki ýaly arkaýyn çokunýardylar. Olaryň türkmenlerden ýygnaýan paçlaryna, eden-etdiliklerine Tatýananyň ýüregi gyýylýardy. Ol halkynyň galkynyp, tire-taýpalaryň birleşip, garaşsyzlyk gazanmagyny arzuw edýärdi.

Aşgabadyň golaýynda Köşi düzlügindäki knýaz Aleksandr Newskiý adyndaky buthana. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

                  

Aşgabatdaky Woskresenskiý ybadathanasy. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

 

Tatýana aldygyna ene dilini öwrenýärdi. Ol adamlar bilen gysga wagtyň içinde öz ene dilinde düşünişmäge başlady. Soňra ol Zakaspiý oblastynyň naçalniginiň konselýariýasynda dilmaç bolup işe başlaýar. Tatýana bu ýerde esli işläp, olarda türkmenlere ýagşylykly resminamalaryň ýokdugyna özi göz  ýetirýär. Şondan soňra Tatýananyň maksady ýaşlarda watançylyk duýgusyny oýarmak bolýar. Ahyry ol ýüreginde beslän arzuwyna – mugallymçylyk kärine geçýär. Ol zenanlar gimnaziýasynda okadyp başlaýar. Ol ýerde öz arassa, adalatly, erkana pikirlerini ýaşlara ýetirip başlaýar.

Aşgabatdaky aýallar gimnaziýasy. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

 

Aşgabatdaky aýallar gimnaziýasynyň zenanlary. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

Aşgabatdaky aýallar gimnaziýasyndan pursat. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

   Erkin pikir ugrunda

Rus patyşasynyň Aşgabatdaky wekilleri Tatýanany halaman başlaýarlar. Ýerli halkyňam käbir sada dini düşünjelileri Tatýananyň dininiň aýratyndygyny eşidip ondan çekinýän wagtlary hem bolýan eken. Şol halatlarda ol hemme diniňem wekilleriniň agzybir bolmalydyklaryny düşündirýärdi. Bu zatlara garamazdan Tatýananyň häsiýeti, türkmen zenanyna mahsus mähremligi, päkize watançy ýüregi öz halkynyň oňa kem-kemden golaýlaşmagyna getirýär.

Tatýana ahal-teke atlary, nepis türkmen halylaryny, mal-garanyň öz halkynyň rus patyşasyna bermeli bolýandygyna gaty gynanýardy. Ol ýüregindäki pikirini diňe okuwçylaryna dälde,  goňşy-golama, töweregindäki  obadaşlaryna düşündirýärdi. Tatýana olara adalatly garaşsyz durmuş geler, öz elimiz, öz ýakamyz bolar diýip düşündirýärdi. Ýöne bu zatlar üçin göreşmelidiklerini aýdýardy. Tatýana garaşsyz, özbaşdak, erkana döwletini gurmaklygy dilinden düşürmeýärdi.

Emma rus patyşasynyň jansyzlary Tekinskaýanyň erkin pikirli wesýetlerini aňşyrýardylar. Maglumat toplaýardylar. Onuň her ädimini yzarlaýardylar. Şol döwür Tatýana bilimli ýigit Annamyrat Gurbanowa durmuşa çykýar. Olar bir ýyl töweregi ýaşanlaryndan soň Tatýanany erkin pikirleri üçin Artyk stansiýasyna sürgün edýärler. Şunlukda täze dörän maşgala dagaýar.

Artykgülüň Ilkinji türkmen mekdebi

Tatýana Tekinskaýa Artyk stansiýasynda öz halky bilen hasam ysnyşýar. Onuň tejribesi artyp başlaýar, öz ene dilinde gürleşmäge ökdeleýär. Ol ilkinji gezek bu ýerde türkmenler üçin mekdep açýar. Özi okadyp başlaýar. Bu hereketi üçin ol özüne howp abanýandygyny bilsede öz halkyna, Watanyna bolan söýgüsi üçin ol bu işinden el çekmeýär. Ýerli halk Tatýananyň mertebesini belent tutup ony güle meňzedip oňa Artygyň güli diýýärler we soňy bilen onuň adyny Artykgül diýip tutup başlaýarlar. Şeýlelik bilen onuň ady Artykgül bolup galyberýär.

Ol öz halkynyň şatlygyna begenip, ýasynda aglaşardy. Aram-aram obadyr-öýlere aýlanyp düşündiriş işlerini geçirýärdi. Artykgüle edýän işleri az görünýärdi, onsoňam oňa alyp barýan işinde goldaw, pikirdeş gerekdi. Ýene bir esasy zat – duýgudaş ýoldaş, maşgala gerekdi. Ahyryn durmuş Artykgüli artykly ýigit Orazgeldi Çekiç ogly bilen ysnyşdyrýar, we olar maşgala gurýarlar. Hä diýmän olaryň gyzjagazlary bolýar. Ol gyzjagaz anna güni doglansoň, oňa Annagul diýip at goýýarlar. Emma gynansakda bularyň bagtly günleri uzaga gitmeýär.

Rus patyşasynyň “ohrankasynyň”  kapitany Grugzinskiý Aşgabadyň gözegçilik edarasyna T.M.Tekinskaýanyň Han Ýomudskiý, Gasan Efendiýew we Muhammetguly Atabaýew dagy bilen dostlukly aragatnaşyk saklaýandygy barada we Han Ýomudskiýniň olaryň hemmesine täsiriniň ýetýändigi  barada hat ýazýar. Onuň hatynda: «graf Palenin Zakaspiý oblastynda rewiziýa geçirýän mahalynda Tekinskaýa türkmenleri häkimiýete garşy agitirleýär» diýip ýazypdyr. 1913-nji ýylda Muhammetguly Atabaýewiň öýi dökülende Tekinskaýanyň oňa ýazan hatlary tapylýar. Ol hatda T.Tekinskaýa şeýle diýip ýazypdyr: “Meniň mähriban eziz dostum Muhammetguly bu gün meniň 30 ýaşymyň dolýan güni. Biziň ülkämiziň eýelenmeginede 27 ýyl bolýar. Men öz ýaşlarymyzyň ösüp ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary galkynyşy we azatlygy  berjekligine berk ynanýaryn. Elbetde, belki sen ony görüp bilmersiň, emma seniň çagalaryň  we agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar”.

Artykgülüň bu sapar gapysy kakylanda rus patyşasynyň ofiseri oňa öňki gylygyny dowam etdirýänligi üçin Ukraina sürgün edilýändigini oňa aýan edýär. Şeýlelikde, Artykgül Tekinskaýa ikinji gezek sürgün edilýär. Ony ol ýerde-de yzarlap başlaýarlar.

   Ýatlama

Türkmenfilm kinostudiýasynyň Tatýana Tekinkaýa barada taýýarlan dokumental filminde Tekinskaýanyň gyzy Annagül ol günleri ýatlap şeýle gürrüň berýär: “Ukrainada sürgündekäk graždanlyk urşy gidýärdi. Bolýan jaýymyza Denikinçiler döküldiler. Biziň hemmämiz garaja bolanymyz üçin bize jöhitlerdir öýdüp atjak boldular. Goňşymyz Arseniý daýy we Fiokla  daýzady. Denikinçiler bizi diwaryň öňüne getirdiler. Men, ejem, Gülsoltan, ejemiň gujagynda-da körpe jigimiz Ýarmuhammet bardy. Esgerler hatara düzülip bize tüpeň çenäp başladylar. Serhoş ofiser buýruk berjek bolup durka hol ýokardan – üçekden sallanyp duran bir zada gözi düşýär. Ol grammafon ekeni. Derrew ony aşak düşürip, plastinka goýup aýtdyryp ugraýarlar. Bizi şol bada ýatdan çykardylar. Fiokla daýza bolsa olara bildirmän bizi penjireden çykaryp goýberdi. Şeýdip biz halas bolduk. Ertesi ruhana Wasiliý gelip: “Tatýana Mihaýlowna diwarda ikonany hökman asyp goýuň, şeýtseňiz hristian diýip hiç kim Size azar bermez” diýip tabşyrdy. Ejem her niçigem bolsa bütin durky bilen özüni türkmen, musulman hasap edýärdi. Belki şonuň üçin ol öýde hiç wagt ikonany saklamandyr. Ýogsada ejeme hristian dinini ol kiçikä kabul etdiripdirler. Ejem pahyr ömrüne öz dogduk mekanyny küýsäp geçipdi.

Tatýana Tekinskaýa gyzlary bilen. Jemgyýetçilik eýeçiligi.

Bir gün men, ejem we Gülsoltan üçimiz Kiýewe geldik. Şol ýerde suratada düşdük. Oktýabr rewolýusiýasy ýeňenden soň, Türkmenistanyň hem respublika bolanyny ejem bilýärdi. Biz ol ýere baryp, Watanymyza dolanyp barmak üçin rugsat berýän haty aldyk. Şeýdip biz 1924-nji  ýylda Türkmenistana ugradyk. Watana bahym ýetjek bolup mal-haryt daşalýan wagonlara çenli mündük. Bakuwa gelenimizde ejem erbet ýarawsyzlyk tapyndy. Ejem keselhana girmeklikden ýüz öwürdi, ol howlukýardy, çaltyrak Aşgabada ýetjek bolýardy. Ol “Aşgabatda mugallymlaryň gurultaýy bolýar, biz şoňa ýetişmeli”- diýýärdi. Soň deňizden aşyp Krasnowodska geldik. Ejemiň ýagdaýy hasam erbetleşdi. Soň Aşgabada gelenimizde ejemi derrew demirýol keselhanasyna ýerleşdirdiler. Ejem bizi çagalar internadyna ýerleşdirmegi ýoldaşlaryndan haýyş etdi. Üç gün geçenden soňam ejem ýogaldy. Şeýlelik bilen, bizem çagalar internadynda galyberdik. Ejemiň nirede jaýlanandygy şu güne çenli belli däl” – diýip Annagül Tekinskaýa gürriňini soňlaýar.

Käbir çeşmelere salgylansak, Tatýana Tekinskaýa Aşgabat şäherindäki şu wagtky Gogol köçesiniň ugrundaky Azym işan gonamçylygynda  jaýlanypdyr diýen maglumat bar, ýöne hiç hili resmi subutnama berilmeýär. Şol döwürler esasy ulaglaryň biri araba bolupdyr. Demirýol keselhanasyndan Azym işan öwlüýäsine merhumy äkitjek bolsaň ençeme yol ýöräp eltmeli. Emma şol döwür şu wagtky Keminäniň yadygärliginiň töwereginde Kümüş baba /ýa-da Kümüş mama/ diýlen öwlüýä bolupdyr. Şonuň üçin keselhananyň işgärleri merhumy şäheriň demirgazyk çetine äkidenden bir kwartal gapdalyndaky öwlüýä eltip jaýlan bolmaklary ahmal. Şu ýerde meniň kiçilikde gulagymda galan kakamyň beren gürrüňi oýuma gelýär. Kakam bilen her zaman ulagda Keminäniň ýadygärliginiň deňinden geçenimizde şu ýerde Kümüş öwlüýäsiniň bolandygyny gürrüň berip, ol hemişe doga okap, töwir galdyrardy. Ýöne gynansak-da, Artykgülüň hut şu ýerde topraga berlendigi barada subutnama galmandyr. Bize diňe güman etme galýar.

Tatýana Tekinskaýa hossarlarynyň gözleginde.

2020-nji ýylyň tomus aýlarynyň birinde inim bilen Türkmen ýazyjysy, taryhçy Rahym Esenow bilen duşuşanymyzda ol meniň Tatýana Tekinskaýa barada beren sowalyma öň hiç ýerde ýazylmadyk, ol barada gyzykly maglumatlary berdi. Onuň aýtmagyna görä Tatýana Tekinskaýa Zakaspiý oblastynyň konsilýariýasynda işlän döwri Gökdepäniň Yzgant obasyndan öz süýtdeş aýal doganyny tapypdyr. Olaryň ikisi biri-birine şeýle bir meňzeş ekenler. Rahym aganyň aýtmagyna görä ol olaryň suratlaryny gören eken. Tatýana wagt tapan çagy paýtunly Yzganda doganynyňka myhmançylyga gidýän eken. Ol baran wagty doganynyň çagalary onuň öňünden “heýjanelek rus daýzamyz gelýär” – diýip ylgaşyp çykýan ekenler. Onuň aýal doganynyň aýtmagyna görä Gökgepäniň synan güni rus atlylary birden depeden aşaklygyna inenlerinde bir topar çaga olardan gorkup gaçypdyrlar, şonda ol hem gaçypdyr, şoň ruslar gideninden soňra  dolanyp gelse üç yaşlyja  jigisi ýok eken.

Bilim-terbiýä bagyşlanan ömür

Artykgül Tekinskaýa diňe bir ilkinji türkmen zenan mugallymy bolman, eýsem, jemgyýetiň öňdebaryjy akyly hökmünde ýaş nesliň ýüregine watançylyk, zähmetsöýerlik we bilim sowgadyny eçilen şahsyýetdir. Onuň Artyk obasynda açan ilkinji mekdebi, halkynyň aň-düşünjesini ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Men şu makalany taýýarlamazymdan öň, häzirki Kaka etrabynyň Artyk obasyna baryp gördüm. Obanyň çägindäki №2-nji mekdebiň Artykgül Tekinskaýanyň adyny göterýändigine göz ýetirdim. Mekdebe giren badyma onuň portreti hormat bilen bezelen ýagdaýda goýlupdyr.

Artykgül Teke gyzynyň portreti. Ö. Mämmetnurow. 1990.

Men ol barada kimden sorasam, hemmesi maňa buýsanç bilen Artykgül Teke gyzynyň oba ilatyna, ene topragyna bolan söýgüsi barada gürrüň berdiler. Olar oňa “biziň gelnejemiz” diýip, hormat bilen ýatlaýarlar.

Bu bolsa Artykgül Tekinskaýanyň diňe bir mugallym däl-de, jemgyýeti bilen jebisleşen, halkyň ýüregine ýol tapan hakyky watançy we nusgalyk zenan bolandygyny ýene bir gezek görkezýär.

 

Artyk obasyndaky Artykgül Tekinsýa adyndaky 2-nji mekdebiň derwezesi. Awtoryň düşüren suraty.

Artyk obasynyň Artykgül Tekinskaýa adyndaky 2-nji mekdebiň girelgesi. Awtoryň düşüren suraty.

Artyk obasyndaky Artykgül Tekinskaýa adyndaky 2-nji mekdebiň binasy. Awtoryň düşüren suraty.

Taryhy ýatlama barada seljerme   

Geçmişe syn salyp, Tatýana Tekinskaýanyň ykbalyna seljerme geçireliň we birnäçe soraglara jogap tapmaga synanyşalyň:

  1. General M. Skobelew Gökdepe galasy synan mahaly kiçijik gyzjagaza duş gelmedik bolsa Tatýana Tekinsýanyň ykbaly nähili bolardy? Siziň pikiriňizçe, generalyň gyzjagazy Orsýede alyp gitmek baradaky buýrugy nämä esaslanyp biliner?
  2. Egerde, Tatýana Tekinskaýa Türkmenistana dolanman, Orsýetde galyberen bolsa, ony biz tanarmydyk?
  3. Tatýana Tekinskaýa 1924-nji ýylda ölmän galyp işlän bolsa, 1937-1938-nji ýyllardaky basha-baslygyň netijesi munyň ykbalyna nähili täsir ederdi?
  4. Tatýana Teke gyzynyň ykbaly näderejede ýurduň ykbaly bilen baglanyşykly?
  5. Tatýana Tekinskaýanyň şahsyýetiniň möhüm manysy nämeden ybarat?
  6. Tatýana Tekinskaýanyň ykbalyna meňzeş başga ykbal barmyka?

Ulanylan çeşmeler

Artykgul Teke gyzy. Film. 1-nji bölüm. https://www.youtube.com/watch?v=7CIzyKaW6bE

Artykgul Teke gyzy. Film. 2-nji bölüm. https://www.youtube.com/watch?v=5PrjmWvzC44

Aýan Tourism and Travel. История Татьяны Текинской, Текинской девочки из Геокдепе.

Ханымамедов Эрик. Татьяна Михайловна Текинская, первая русская туркменка.

Туркменский музей изобразительного искусства в городе Ашгабат. Фото: Геокдепинское сражение.

Фотографии авторские, снятые в селе Артык, Какинского этрапа, Ахалского велаята Туркменистана. 2025.

 

                                                                                                        Ahmet Kuliýew

Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje adyngaky № 115 daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenýän okuw-terbiýeleýiş toplumynyň rus dili mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Nazar Aýnazarow: bir ýatlamadan başlanan söhbet

Ata Watan Eserleri

Döwletgeldi Annamyradow: ýene hoş habar aýdar öýtdüm

Ata Watan Eserleri

Öwezdurdy Nuryýew: okatmadyk bolsa-da mugallymym

Ata Watan Eserleri

Tirkiş Jumageldiýew: öwrenmek üçin okamaly

Ata Watan Eserleri

Ogulbaýram Kulyýewa: Diýar gözelliginiň aýdymçysy

Ata Watan Eserleri

Amangeldi Amanow: uçgunjyk bar jigimde…        

Ata Watan Eserleri