JEMGYÝET

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

Türkmenistan dünýä siwilizasiýasyna barha batly girişýär. Ylmyň we tehnikanyň, sanly ulgamyň gazananlaryny giňden ornaşdyrylmagy onuň milli ykdysadyýeti durnukly ösüşlerine eýe bolmagyna täsir edýär. Häzirki wagtda bu ýurt 150-den gowrak döwletler bilen ykdysady, diplomatik, söwda, medeni we gumanitar gatnaşyklary alyp barýar. Ähli ugurlardaky gatnaşyklar bolsa dürli ýaşdaky we dürli hünärdäki adamlaryň arasynda birek-birek bilen içgin kommunikasiýany gurnamagy zeruryýet edýär. Ine, şu ýerde-de iki we köp dilli sözlüklere diňe bir uly orun degişli bolman, eýsem olaryň ähmiýeti günsaýyn artýar.

Türkmenistanda sözlükleriň taýýarlanyş gözbaşy milli Ylymlar akademiýanyň açylan döwründen, ýagny geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlanýar. Şol döwür-lerde rus dili halkara gatnaşyklar dili bolanlygy sebäpli, esasan türkmençe-rusça, rusça-türkmençe sözlükler neşir edilýärdi.

Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň (1991 ý.) iňlisçe-türkmençe we türkmençe-iňlisçe sözlükleriň taýýarlanyşynyň hil taýdan täze tapgyry başlan-ýar.

Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, bilim ulgamynyň islegleri we zerurlyklary göz öňünde tutulyp, ýerli alymlar tarapyndan dürli sözlükler taýýarlanylýar. Birleşen Milletler Guramasydyr beýleki iri halkara guramalaryň şeýle sözlükleri taýýarlamakda we olary neşir etmekde Türkmenistana yzygiderli  ýardam, hemaýat edýändigine uly hoşallygymyzy bildirýäris.

Hukukçy Dr. Döwran Orazgylyjow tarapyndan başy tutulan we ýolbaşçylyk edilen “Makul Sözlük” taslamasynyň ýokarda agzalan sözlüklerden düýpgöter tapawutlanýandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. Dürli alymlardyr sözlük düzüjileriň birnäçe ýyllyk önjeýli zähmetiniň netijesi bolan bu sözlügiň aýratyn ähmiýetini Türkmenistanda neşir edilen beýleki sözlükler bilen deňeşdirilende aýdyň görmek bolýar.

 Birinjiden,Türkmenistanda neşir edilen sözlükler belli bir pudak üçin niýetlenen bolsa, “Makul Sözlük” jemgyýetçiligiň giň gatlagyna niýetlenendir. Ol mekdep okuwçylaryndan başlap, işewürlik dünýäsiniň dürli ugurlaryndaky – ol ykdysadyýetçi, hukukçy, oba hojalyk işgärleri, lukman, IT, sanly ulgam bilen iş salyşýan we ş.m. – hünärmenleriň giň toplumyny içine alýar.

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň (USTBC) Ýerine ýetiriji direktory we esaslandyryjysy Erik Stýuartyň “Bu kitap biziň ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaş-magy üçin ýene bir mümkinçilikdir. … Birek-birekden öwrenmeli köp zadymyz bar.  Şular ýaly kitaplar amerikalylar bilen türkmenleri doganlyk derejesinde birleşdirmäge kömek edýär” diýip ýokary baha bermegi “Makul Sözlügiň” diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde halklary birleşdirjek wajyp “dil diplomatiýasy” bolup hyzmat etjekdiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu babatda “Makul Sözlük”, beýleki sözlüklere garanyňda,  has ähmiýetli bolar diýip umyt edýäris.

Ikinjiden, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde halkara we işewürlik derejesiniň ýokarlanmagy, ençeme döwletleriň bu ýurt bilen gyzyklanmalary bu sözlügiň  taýýarlanan wagtynyň örän döwrebapdygyny aňladýar.

Üçünjiden,   ilkinji gezek döredilen bu iňlisçe–türkmençe sözlügiň

www.makulsozluk.com web sahypasynda ýerleşdirilmegi ähli adamlara islendik wagtda we islendik ýerde elýeterli bolmagy onuň wajyplygyny subut edýär.

Sözümiziň ahyrynda ilkinji şowly synanyşyk bolan “Makul Sözlügiň” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilmegi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik, ykdysady, tehnologik, ylym-bilim, ynsanperwer we medeni, deňhukukly, özara bähbitli we hoşniýetli gatnaşyklarynda özboluşly  “dil köprisi” bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys.

 Amangeldi Baýgeldiýew, dilçi alym.

 Amangeldi Baýgeldiýew. Aşgabat şäherinde doglan. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Daşary ýurt dilleri fakultetiniň Iňlis dili bölümini 1974-nji ýylda tamamlady. Soňra 1977-1983-nji ýyllar aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň Ylymlar akademiýasynyň Filosofiýa institutynyň öwrenijisi hem-de aspiranty boldy. Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty derejesini gorady.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Filosofiýa we hukuk institutynda işini dowam etdirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe institutynda, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda dürli wezipelerde işledi.

Häzirki wagtda Tükrmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde uly mugallym bolup işleýär.

 

Ýene-de okaň

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde

Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy