2025-nji ýylyň 4 – 5-nji sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen “Astana Finance Days 2025” atly halkara forumyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti gatnaşdy.
Forum häzirki zaman maliýe ulgamyndaky ösüşleri, täze ykdysady gurallary hem-de halkara tejribeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara derejesinde möhüm meýdança bolup çykyş etdi.
“Astana Finance Days 2025” atly halkara forumy her ýylda geçirilip, maliýe, ykdysadyýet we durnukly ösüş temalary boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.
Türkmenistanyň wekilleri forumyň çäginde geçirilýän umumy mejlislere, panel çykyşlara hem-de açyk maslahatlara gatnaşyp, dürli ýurtlaryň wekilleriniň tejribeleri bilen tanyşdylar. Forumyň dowamynda maliýe hyzmatdaşlygy, sanly ykdysadyýet, ýaşlar we kiçi telekeçilik üçin maliýe elýeterliligi ýaly meseleler boýunça pikir alyşmalara gatnaşdylar.
Halkara forum halkara tejribeler bilen tanyşmak arkaly täze bilimleri we çemeleşmeleri öwrenmek üçin uly mümkinçilik boldy.