DÜNÝÄ

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň halkara infrastruktura taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Pakistandaky täze ilçisi hanym Ina Lepel Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna bardy.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen bolan duşuşykda taraplar sebitleýin ösüş we umumy ileri tutulýan ugurlar barada netijeli söhbetdeşlik geçirdiler. Iki tarap hem durnuklylygy ýokarlandyrmak, parahatçylygy berkitmek we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

Ilçi A.Möwlamow hanym Ina Lepele Pakistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda Türkmenistan tarapyndan başlanan infrastruktura we energiýa taslamalary barada gürrüň berdi hem-de ykdysady ösüşi we sebitara baglanyşygy ösdürmek mümkinçiligine ünsi çekdi.

Ilçi Ina Lepel hem öz gezeginde bu başlangyçlaryň strategiki ähmiýete evedigini tassyklap, nemes kompaniýalarynyň bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak üçin mümkinçilikleri gözleýändigini aýtdy.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirmek bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy