BILIM

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti – döwrebap bilim ojagy

Ýurdumyzda döwlete dahylsyz ilkinji we ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesidir. Bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 12-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama» laýyklykda hereket edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, şol ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Görogly köçesiniň ugrunda düýbi tutulan bu bilim ojagynyň binasy binagärligiň milli we döwrebap ýörelgeleri esasynda gurlup, şunda ýokary innowasiýalar, sanly tehnologiýalar işjeň peýdalanyldy.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň umumy meýdany 8 gektara barabar bolup, täze binalar toplumy 2,5 müň talybyň ýokary hünär bilimini almagy üçin niýetlenendir. Onuň çäginde 9 gatly esasy bina, şeýle-de 6 gatly okuw binalarynyň 4-si, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si ýerleşýär. Umumy ýaşaýyş jaýlary ýokary hilli mebeller, hojalyk tehnikalary, multimedia enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde kitaphana, naharhana, ýapyk we açyk sport desgalary hem bar. Mundan başga-da, täze ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň çäginde 800 orunlyk mejlisler zaly we beýleki kömekçi desgalar guruldy. Bilim ojagynyň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy alyp bardy.

Täze uniwersitetde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalyk işewürligi, sanly tehnologiýalar, binagärlik we gurluşyk pudagynyň işewürligi fakultetleri, şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 sany kafedra we 42 sany tejribehana hereket eder. Uniwersitet hojalyk hasaplaşygynda bolmak bilen, onda okuwlar tölegli esasda türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, önümçilik we işewürlik kärhanalary we kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, ussat hünärmenleriniň sapak bermek işi ýola goýlar.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde häzirki wagtda talyplara jemi 16 sany taýýarlyk ugry boýunça ýokary hilli bilim bermek göz öňünde tutulýar. Bu taýýarlygyň ugurlary bilim ulgamlarynyň 8 sany ulaldylan toparlarynda jemlenýär. Olar: binagärlik; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maşyngurluşyk; oba, tokaý we balyk hojalygy; weterinariýa we zootehniýa; ykdysadyýet we dolandyryş; hukuk işi toparlarydyr.

Ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, uniwersitetde binagärlik we gurluşyk pudagynyň işewürligi, oba hojalyk işewürligi, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hem-de sanly tehnologiýalar bilimiň we ylmyň ileri tutulýan ugurlary hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň halkara forumyna gatnaşdylar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

“Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

9 aýda bilimde 755, sportda 754 medal gazanyldy

Türkmenistanly ýaş zehinliler mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşar

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar