DÜNÝÄ

Kamçatkada 8.7 bal güýjünde ýer titredi

Kamçatka kenarlarynda güýçli ýer titremesi boldy. Bu tebigy hadysa 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitremeleriň biri boldy. Tebigy hadysanyň 8,7 bal güýjünde bolandygy, onuň duýulmak derejesiniň bolsa, 7-8 bala ýetendigi bellenilýär. Tebigy hadysa şu wagta çenli bolan wakalaryň sanawynda 6-njy orny eýeledi.

Kamçatka kenarynda, ähli Kuril adalarynda, Ýaponiýanyň gündogarynda we ABŞ-nyň 2 ştatynda sunaminiň ýüze çykmagy baradaky howp yglan edildi. Ilkinji tolkun Demirgazyk Kuril şäherine ýetdi.

Ýer titremesiniň merkezi ýarym adanyň kenaryndan 161 km aralykda ýerleşdi. Ýer titremesiniň merkezi 32 km çuňlukda ýerleşdi.

Sebitiň ýolbaşçysynyň karary bilen Petropawlosk-Kamçatkada iş güni gysgaldy. Şeýle-de, mekdepler, çagalar baglary we hassahanalar ýaly jemgyýetçilik ähmiýetli edaralar zeperler üçin barlanýar.

30 sm töweregi boýy bolan sunami Ýaponiýanyň demirgazyk bölegine ýetdi. “Tokyo Electric Power” kompaniýasynyň hünärmenleri “Fukusima-1” atom elektrik stansiýasyndan arassalanan suwuň akdyrylmagyna wagtlaýynça togtadylandygyny aýtdylar.

Ýaponiýanyň merkezi we demirgazyk-gündogary böleklerinde “Şinkansen” tizligi ýokary otlularyň hereketi togtadyldy.

Ýaponiýa territoriýasynda zeper ýa-da ýaralananlar barada maglumat gelip gowuşmady.

ABŞ-nyň Milli okean we atmosfera barlaglary gullugy (NOAA) sunaminiň howpuny yglan etdi.

Oahu adasynyň häkimiýeti kenar ýerlerde ýaşaýanlary derrew howpsuz ýerlere göçmäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy