DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

28-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özbegistanly kärdeşi Bahtiýor Saidow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Özbegistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýetip gelýän sebit we halkara derejeli wakalara taýýarlyk bilen bagly köp sanly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Özbegistan Respublikasynda Oliý Majlisiniň Senatynyň we Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy Palatasynyň agzalaryndan düzülen parlamentara dostluk toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilendigini habar beripdik.

Ýene-de okaň

Hytaý 75 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Türkiýe-Gazagystan: 20 resminama gol çekildi

Kamçatkada 8.7 bal güýjünde ýer titredi

Tokioda çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi

ABŞ bilen Ýewropa söwda ylalaşygynda ylalaşdy

Ýaponiýanyň 40-njy ömür dowamlylyk rekordy