DÜNÝÄ

Türkmenistanda 20 ýylda 162 million bag ekildi

Türkmenistanda ekologiýa syýasatyň çäklerinde 20 ýylda ýurt möçberinde 162 milliondan gowrak dürli agaç nahallary oturdyldy. Tokaý zolaklaryny giňeltmek taslamasy halkara guramalar, şol sanda FAO guramasy tarapyndan goldanýar.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Altaý Respublikasynda geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Ataýgulyýew öz çykyşynda belläp geçdi.

Altaý ülkesinde geçirilen halkara maslahata gatnaşan türkmen tarapy öz çykyşynda Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda birnäçe möhüm halkara konwensiýalara goşulandygy aýtdy. Olaryň hatarynda biologiki köpdürlülik baradaky Konwensiýa, BMG-niň çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýasy, howa boýunça Pariž şertnamasy hem-de beýleki Konwensiýalar bar.

Mundan başga-da, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin Hereketler Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ösüşi we tebigy mirasy gorap saklamagy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Soňky 20 ýylyň dowamynda ekologik syýasatyň çäklerinde ýurduň çar künjeginde dürli görnüşli agaçlaryň 162 milliondan gowragy oturdyldy. Tokaý zolagyny giňeltmek boýunça taslamalar FAO ýaly halkara guramalar tarapyndan goldanylýar.

Türkmenistanda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň giňeldilmegi boýunça çäreler görülýär. Häzirki wagtda 9 sany tebigy goraghananyň we 16 sany ýörite goralýan ýerler işi alnyp barylýar. Bu aýratyn goralýan ýerler Türkmenistanyň özboluşly tebigatynyň goralmagynda möhüm rol oýnaýar.

Türkmenistanda seýrek we ýitip barýan haýwan görnüşlerini goramak boýunça işjeň çäreler görülýär. Tebigaty goramak ugrundaky halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Mysal üçin, şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde alajagaplaň haýwanlarynyň sany artýar we olar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem goňşy Gazagystanyň Mangistau oblastynda hem duş gelýär.

Türkmenistan täzelenýän energiýa çeşmeleriniň, aýratyn-da Gün we ýel energiýasynyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilige eýedir. Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýerleşýän gün we ýel elektrik stansiýasy “Altyn Asyr” kölüniň etegindäki ilatly nokatlary elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Bu taslamanyň esasy ugurlarynyň biri Gün energiýasynyň ornaşdyrylmagy boýunça “ýol kartasynyň” işlenip taýýarlanylmagydyr.

Türkmenistanyň üýtgeşik çöl ekoulgamlarynyň birnäçesi – “Bereketli Garagum”, “Gaplangyr”, “Repetek” we “Ýeraji” – ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Oňyn mysal hökmünde hususy telekeçileriň ekologik meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýandygyny bellemek bolar. Oba hojalyk we senagat pudaklarynda innowasion we galyndysyz tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa daşky gurşawa ýetirilen täsirleri ep-esli azaltmaga we serişdeleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi