Azerbaýjan bilen Siriýanyň geçiş döwrüniň Prezidenti Ahmet aş-Şara arasynda Bakuda geçirilen duşuşykda Siriýa tebigy gaz ibermek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Azerbaýjan Prezidentiniň Administrasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Tengrinews.kz habar berýär.
12-nji iýulda geçirilen duşuşykda taraplar häzirki wagtda Siriýanyň çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
“Bu ugurda Azerbaýjan gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Siriýa eksport edilmegi boýunça taslamanyň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygy nygtaldy. Bu taslama Siriýanyň energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine goşant goşar” diýlip beýanatda bellenilýär.
Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Azerbaýjan bilen Siriýanyň arasyndaky ynsanperwer, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga-da üns berildi. Şeýle hem siriýaly talyplara Azerbaýjanda talyp haky berilmegi we medeni ýadygärlikleriň täzeden dikeldilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.
