DÜNÝÄ

Saharada balyk bar eken

Belgiýaly we Italiýaly alymlar Sahara çölünden — Liwiýanyň günorta-günbataryndan 18 müňden gowrak daşa öwrülen balyklaryň we beýleki suwda ýaşaýan jandarlaryň galyndylaryny tapdylar.

Alym-arheologlaryň çaklamalaryna görä, bu ýerler gadymy adamlaryň mesgen tutan ýeri bolupdyr. Oňa bu ýerlerden tapylan daşa öwrülen gap-gaçlaryň galyndylary hem şaýatlyk edýär. Tapylan balyklaryň galyndysynyň ikisi gadymy suw jandarlary bolan lakga we tilapiýa (afrika karasy) balyklaryna degişlidir.

Tapyndylar has gadymy döwre degişli bolup, şol wagtlar Sahara çölüniň häzirki tutýan meýdany umman bolupdyr.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy baradaky ähtnamany tassyklady

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türk döwletlerinden gelen daşary ýurtlularyň Türkiýede zähmet çekmek hukugy ara alnyp maslahatlaşyldy