Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 34 ýyllyk baýramynyň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna guralýan dürli çärelerdir dabaralar, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler ýokary derejede geçirilýär. Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry hem şeýle täsirli çäreleriň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guran bäsleşigi ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara baý boldy.
Birnäçe şertleri öz içine alan bäsleşigiň esasy maksady halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeni mirasyny, gadymy we müdimi sungatymyzy, onuň ene-mamalarymyzdan galan nusgalyk el işlerini wagyz etmekden ybaratdyr.
Täsirli, şowhunly geçen bäsleşigiň dowamynda çeper elli zenanlar halkymyzyň milli keçesiniň özboluşly aýratynlyklaryny, sungat derejesine göterilen ajaýyp nusgalaryny öz ýerine ýetiren işleri arkaly görkezdiler. Şonuň ýaly-da dürli möçberdäki keçeleri bäsleşigiň şertine görä bellenilen wagtda ýetişdirmekde özara bäsleşdiler.
Ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçen bäsleşigiň jemi jemlenende, welaýatyň Esenguly etrabyndan gelen topar öňe saýlanyp, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de bäsleşikde birinji orna Bereket etrabynyň, ikinji orna Türkmenbaşy etrabynyň, üçünji orna bolsa Etrek etrabynyň toparlary mynasyp boldular.