BIZNES

“Oxfam”: Dünýäniň baýlarynyň baýlygy 33,9 trillion dollar artdy

“Oxfam” guramasynyň BMG-niň Sewilliýada geçiriljek ösüşe maliýe goldaw maslahatynyň öňüsyrasynda çap eden täze hasabatyna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy 2015-nji ýyldan bäri hakyky görnüşde 33,9 trillion dollar ýokarlandy.

Bu “şahsy baýlygyň astronomik ösüşi” häzirki wagtda ynsanperwer kömekleriň rekord derejesinde azalmagy bilen utgaşýar: G7 ýurtlary ony 2026-njy ýylda 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28% azaldar — bu bolsa 1960-njy ýyldan bäri iň uly peselme hökmünde kabul edilýär.

2015-nji ýyldan bäri dünýä boýunça üç müň milliarderiň baýlygy 6,5 trillion dollar artdy we bu möçber häzirki wagtda dünýäniň JIÖ-niň 14,6%-ine deňdir. Şonuň bilen birlikde, şahsy baýlyk 1995–2023-nji ýyllar aralygynda 342 trillion dollara çenli artdy, bu döwlet emläklerinden (44 trillion dollar) sekiz esse köp.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi