DÜNÝÄ

Ukrainadaky Magtymgulynyň ýadygärligi oturdylan seýilgähe interaktiw gezelenç

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň golaýynda ajaýyp seýilgäh ýerleşip, onuň çäginde Gündogaryň beýik akyldary, görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylandyr.

Şahyryň ýadygärligi ýurdumyzyň beýik söz ussatlaryna hormat goýmagyň, türkmen medeniýetine we edebiýatyna özboluşly gyzyklanmanyň, iki halkyň arasynda iki onýyllygyň dowamynda dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşany bolup durýandygy nygtarlyklydyr.

Indi gyzyklanýan ähli internet ulanyjylar “Google Map” programmasyndan peýdalanyp, şu ýyl has hem ajaýyp reňkler bilen bezelen Kiýew şäheriniň bu seýilgähiniň ýodajyklaryndan “3D” gezelenç edip, türkmen şahyrynyň ýadygärligini hut özleri görüp bilerler.

Bu taslama, her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanyldy.

Howanyň gyzyp başlan möwsüminde seýilgähiň gözelligine aýratyn öwüşgin berýän Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň nyşany şekilinde oturdylan gülleriň aýratyn owadanlygy bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzyň milli nyşanlaryna çuňňur hormat goýmagyň alamatydyr.

“3D” arkaly gezelenç şu salgyda: https://maps.app.goo.gl/ojuuxojpiE2cLhRXA

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary