BIZNES

Gyrgyzystan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş maksatnamasyny kabul etdi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýurduň 2030-njy ýyla çenli ösüş boýunça Milli maksatnamasyny tassyklady.

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, bu barada Prezidentiň metbugat gullugy habar berdi.

Maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli uly maksatlar goýuldy: jemi içerki önümi iň az $30 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrylmagy, adam başyna düşýän jemi içerki önümiň paýyny $4 500 amerikan dollaryna ýetirilmegi, ykdysady ösüşiň ýyllyk ortaça hakyky ösüş derejesiniň azyndan 8% derejesinde saklanylmagy maksat edinilýär.

Resminamada dört esasy ileri tutulýan ugur kesgitlenýär: senagatlaşdyrma, ýurdy sebitleýin merkez hökmünde ösdürmek, oba hojalygy we syýahatçylyk, şeýle hem “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy