TEHNOLOGIÝA

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Hytaýyň awiakompaniýalary Ýewropaly öndüriji “Airbus” kompaniýasyndan 500-e çenli uçar satyn almak mümkinçiligini seredýärler. Bu barada “Bloomberg” agentligi habar berýär.

Bu şertnama gol çekilse, ol Hytaý üçin awiasiýa pudagynda iň uly şertnama bolup biler, hatda dünýä derejesinde rekord şertnama hem bolmagy ähtimal.

Gelejekde baglaşyljak şertnama barada resmi bildiriş iýul aýynda — Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 50 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli Pekine ÝB-niň ýolbaşçylarynyň we ýurtlarynyň liderleriniň sapary wagtynda edilip bilner.

Çeşmäniň bellemegine görä, hytaýly awiakompaniýalar giň we dar görnüşdäki uçarlary satyn alyp bilerler.

Ýene-de okaň

Mask robotlaşdyrylan taksi hyzmatyny ýola goýýar

“San­ly çöz­güt-2025”: eme­li aň ugry hem goşuldy

Elektromobiller dünýä awtoparkyny üýtgedýär

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar