TEHNOLOGIÝA

Ilon Maskyň internet taslamasynyň bahasy mälim

«Starlink» emeli hemraly internet taslamasynyň umumy bahasy birnäçe on milliard dollara barabar bolup biler. Wideo baglanyşygy arkaly Barselonadaky «Mobile World Congressde» çykyş eden Ilon Mask «Starlinke» goýlan umumy maýa goýumyny mälim etdi.

Telekeçiniň pikiriçe, taslamanyň umumy bahasy 20 ― 30 milliard dollara ýetip biler.

Bu barada teswirleme beren Mask, «aslynda, bu gaty köp» diýdi.

«SpaceX» we «Teslany» esaslandyran işewür «Starlinkiň» girdeji gazanyp başlamagy üçin bäş milliarddan on milliard dollar aralygynda maýa goýumynyň gerek boljakdygyny aýtdy.

 

Elektrik energiýasyny sarp edijileriň bir penjire ulgamy

 

Related posts

“LG” kompaniýasynyň akylly telefony

Ata Watan Eserleri

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Dil, söz hakynda nakyllar Iňlis dilinde