TEHNOLOGIÝA

“Huawei” öz ulagyny öndürmekçi

Häzirki wagtda dünýäde elektrik ulag pudagy özgerýär. Golaýda bu pudaga “Apple” kompaniýasy hem goşulýandygyny mälim edipdi we geljekde “Apple Car” awtoulagyny öndürjekdigi barada habar beripdi. Indi bolsa bu pudaga ýene-de bir tehnologiýa kompaniýasy girýär. “Reuters” habar gullugynyň habar bermegine görä, “Huawei” tehnologiýa kompaniýasy öz markasy bilen elektrik ulagyny satuwa çykarmaga taýýarlanýar. Häzirki wagtda “Huawei” kompaniýasy awtoulag öndürijisi bolan “Changan Automobile” we beýleki birnäçe öndürijiler bilen elektrik ulaglaryny öndürmek üçin önümçilik desgalaryny ulanmak barada gepleşikler alyp barýar. Ösýän elektrik ulag bazary tehnologiýa kompaniýalaryna uly gyzyklanma döredýär diýip, kompaniýanyň metbugat kätibi nygtaýar. “Huawei” kompaniýasy birnäçe ýyl bäri elektrik ulaglary üçin dürli tehnologiýalary öndürip gelýär.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Related posts

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

Samsung Galaxy S20 Ultra 5G akylly telefony satuwa çykaryldy

Dünýäniň iň uly Gün elektrik bekedi

Ata Watan Eserleri